Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Memories never die #yurekdes
Ilon Mask “aýylganç akylly” täze Grok 3 çat-botuny anons etdi
Premium
BAYOGUL [1s] 18.02.2025 / 12:21
Milliarder Ilon Mask xAI startapynyň öňki emeli aň modellerinden has üstün gelýän täze Grok 3 çat-botuny çykarmaga taýýarlanýandygyny habar berdi. Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde eden çykyşynda Mask bu çat-botuň häzirki emeli aň ulgamlary bilen deňeşdirilende haýran galdyryjy pikirleniş başarnyklaryny görkezýändigini belledi.
Häzirki wagtda Grok 3 işläp taýýarlamagyň ahyrky tapgyrynda bolup, ýene bir-iki hepdeden çykar. “Käwagt maňa Grok 3 aýylganç akylly görünýär” – diýip, Mask öz çykyşynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, täze xAI modeli sintetiki maglumatlaryň esasynda okadyldy, şol sebäpli ol öz ýalňyşlyklaryny seljerip, logiki yzygiderlilige ymtylýar.
Şeýle-de, Mask OpenAI kompaniýasyny tankytlap, ilkibaşda açyk kodly täjirçilik däl hökmünde döredilen guramanyň indi girdeji almak üçin täjirçilik kompaniýasyna öwrülmek synanyşygyna nägilelik bildirdi.
Sözüniň ahyrynda Mask degişme hökmünde geljekde emeli aňyň “rehimdarly” boljakdygyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Sorag...
Şobir söygüli meseleleri,
Oglan naziňi cekip yadadym diyyan bolsa yadannyram gyzyň hasyetini biz bilemizoga, belki gyz samsyk nazlidir, ya aşa na...
dowamy...Sorag...
Mn ucuna oğlan bagsla diymeli (nm bolsoda) Kimin yalnyslyk edeninede bagly yone...
dowamy...Sorag#
16 partaň içinde 11nji partasynda, ýagny ortanjy setiriň 6njy partasy...
dowamy...
Ýokaryk