Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Luckyboy : Şu günüñ begenseñ hem geçer gynansañ hem...#Lucky boy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Biz bagtyñ özünden sowulyp geçdik
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 18.02.2025 / 17:07
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Годы проходят - а мы и не жили
Мало смеялись, мало любили
Ирина Шевкуненко

Ýyllar geçýär, günler ýaşalmadyk deý
Ýasama gülküler tutupdyr ömri
Ykbaly ýaşabam başarmadyk biz
Şoñ üçin hezildi çagalyk döwri

Öz- özümiz tabyn etdik gamlara
Şatlyk ýerine gussa guýup çay içdik
Tekepbirlik möhür bolup ýürege
Bagtyñ hut özünden aýlanyp geçdik

Bagyşlamak agram boldy köplere
Gowluk däl erbetlik ýatlandy durdy
Dostlugyñ gymmadam nyrha düşüpdir
Duz iýşip, ertesi arkadan urdy

Çykyp bilmän ýekeligiñ tümünden
Ýadyrgadyk ýakynlara, ýatlara
Başgalardan gatam gördük käteler
Özümiz päk perişde deý hamala

Durmuşda, ykbalda günä ýok asla
Bu ýoly özümiz saýladyk, seçdik
Körlerem agtarsa tapardy, emma...
Biz bagtyñ özünden sowulyp geçdik

Amangeldiýewa Aýna
17.02.2025


88

10

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 18.02.2025 / 20:07

+1

Gowy eken goşgy ýetirip dur

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика