Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Каждый момент, который я провёл с тобой… был ярким. Когда погода была хорошей, когда погода была плохой. Я любил каждый миг
Söýgi setirleri
Betinden Sebap [off] 19.02.2025 / 11:58 Lekum dinukum we liýe din
Sen şeýle akylly,
Hem şeýle eziz.
Senden bir ýamanlyk,
Görmedim heniz.
Diňe meniň üçin,
Dörän ýalydyň.
Ilki görenimde,
Juda haladym.
Saýaňda gül açdy,
Ömür daragty.
Berdiň bir adama,
Berilýän bagty.
Bir-birege hormat,
Pikrimiz-küýmiz.
Göwnimiz göterdi,
Tämiz söýgimiz.
Ýöne men näme üçin,
Bilemok örän.
Bagytdan has gorkýan,
Hasrata görä.
Ömür juda gysga,
Emma ýol alys.
Durmuşyň ýollary,
Tanyş,
Nätanyş.
Käte göripleriň,
Oduna bişýäs.
Käte çylkasyzlaň,
Diline düşýär.
Ýöne uly bagtym,
Çat açmady hiç.
Gorap sakla ömrüň,
Ahyrna deňiç.
Sen şeýle akylly,
Hem şeýle eziz.
Senden hiç ýamanlyk,
Görmäýin hergiz.
***
Sen öwüt ber maňa,
Mätäç mahalym,
Uly bolup,öwüt bermek aýyp däl.
Sen baryňda buýsanç bilen bakanym,
Meniň üçin aýdan sözleň haýyp däl.
Ýürekden syzdyryp aýdan sözleriň,
Damjasyn gaçyrman diňläýin menem.
Çünki akyl alyp zyýan çeken ýok,
Akyl berip zyýan çekmersiň senem.
Bu durmuşda ýalňyşmaýan adam ýok,
Bir gün örtenemde öz ýalňyşyma,
Maňlaýyma urup,
Seniň paýhasyň.
Meni ara alyp,
Geçer daşyma.
Sen öwüt ber maňa,
Göýä şo mahal.
Akyllanan ýaly bolýan eý,merdan.
Hem meň üçin kynçylyk ýok dünýäde,
Dar ýüregim giňäp gidýär bir meýdan.
Ýöne belent başyň sähel egilse,
Penjesin gerip durmuş allary.
Aldanman geçeýin öwütleň bilen,
Öňimdäki duşan kötel ýollary.
Bibi ORAZDURDYÝEWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk