Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Ahal : Magtymguly boýun goýgul bu emre, Mala meşgul bolup, galmagyl gümra, Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre, Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Durmuş toýunda okalan goşgy
 Betinden
 Sebap [off]
 19.02.2025 / 12:24
 Lekum dinukum we liýe din

Ilki aýtjak zadym durmuş ýolunda,
Ýüregňiziň urşy deň bolup dursun.
Sözleşmän düşüniň,
Ýürek taryňyz
Bir perdä düzülen heň bolup dursun.

Baryş-geliş ediň,
Toýlara gidiň,
Bu dünýä gowulyk tohumyn sepiň,
Etjek bolsaň, diňe ýagşylyk ediň,
Etmedikler üçin geň bolup dursun.

Gün deý şugla saçsyn ogul-gyzyňyz,
Abraý bilen dowam etsin yzyňyz,
Ýüregňizden çykan yssy sözüňiz,
Göýdük göwünlere em bolup dursun.

Bu durmuşda büdremesin atyňyz,
Wagtyndan öň agarmasyn saçyňyz,
Ýöne bir söz bolman maslahatyňyz
Tümlügi ýagtyldýan şem bolup dursun.

Abraýyňa görip adamdan gaçyň,
Bil, abraýy alyp bolmaýar satyn.
Ýene bir arzuwym: ýaňra biakyl
Akyllyň ýanynda sem bolup dursun.

Oýny kän dünýedir, hem ut, hem utul,
Ýagşa ýakyn durup, ýamandan gutul,
Dost tutunjak bolsaň, şeýle dost tutun,
Başa iş düşende Sen bolup dursun.

Bagtly durmuş, uzak ömür, jan saglyk,
Şudur bu dünýede iň uly baýlyk!
…Sözüm tamam edýän, eziz halaýyk,
Maksat-myrat tapyp, jem bolup dursun!

Muhammetmyrat MEREDOW


72

11

0

3

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика