Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : "Sen yanlış olsanda benim en güzel doğrumsun?" 23.12.2022❤️‍?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen hakda sorsalar
 Öwreniji
 GuGaPRO [off]
 19.02.2025 / 22:44

Sen hakda sorsalar, diýeýin, näme?
Wepasy ýok diýip aýdaýynmy, ýa!
Ýa bolmasa, menden geçeniñ üçin,
Äleme jar salyp gaýdaýynmy, ýa!

Men gerçekdim sen alçakdyñ çakyndan,
Ýuwaş, ýuwaş, baglanypdym mähriñe.
Hakydama bitilensiñ öýdüpdim,
Gideriñem, hiç düşmezdi ýadyma.

Men mübtela, däli boldum yşkyñda,
Ýazygymy hiç bilmedim, añmadym.
Gapyl bolup ýa degmedim köñlüñe,
Täleýime ýazylanmy bilmedim.

Gurbangeldi Satybaldyýew


68

19

6

7

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 19.02.2025 / 22:54

+0

Ýetirip dur gowy eken goşgy


Öwreniji
GuGaPRO  (19.02.2025 / 22:56) 

Sebap, bolýa, sag bol


Gerekli
Sebap  (19.02.2025 / 22:56) 

GuGaPRO,

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein🙃
 19.02.2025 / 23:06

+0

Gowy eken haladym


Öwreniji
GuGaPRO  (19.02.2025 / 23:07) 

Yekejelai, sag bol

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 20.02.2025 / 00:01

+0

Berekella galamyñ ujy ÿiti bolsyn


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 00:03) 

@menin_dunyam, sag bol dost, kitabyn dusdumi azajyk aladalarym bolanson duzedip berip bilmedim bagyşla


Gerekli
@menin_dunyam  (20.02.2025 / 00:06) 

GuGaPRO, dusenok dos

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 20.02.2025 / 09:41

+0

Sorsalar?


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 09:57) 

Pegas, Sorasalar diýen manyda bolýa edebi dilde sorsalar diýip ýazdym


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 10:34) 

GuGaPRO, edebi dil däl ol. Bogun sanyny dogry getirmek üçin edipsiň. Beýle aňsadyna bakmaly däl. Başga wariantlary barlabermeli. Mysal üçin: "Seni sorasalar, diýeýin näme?!" diýen ýalyrak bir zat edip bolardy.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 11:38) 

Pegas, Men özüm bilýån tertibimde ýazýan


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 11:46) 

GuGaPRO, öz bilýän tertibiňde ýazmaly däl. Sebäbi edebiýat seň hususy mülküň däl.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 12:02) 

Pegas, sen edebiýat mugallymmy


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 12:06) 

GuGaPRO, hawa


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:01) 

Pegas, haysy instituty gutardyñ


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:01) 

Pegas, haysy instituty gutardyñ


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:03) 

GuGaPRO, S.Seýdi


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:05) 

Pegas, Adamyñ aslyny sorsañyz laýdyr,
Ýüz müñ ýyl ýaşasañyz, bir güni waýdyr.

Onda Magtymguly atamyzyñ hem edebiýatdan habary ýok ekendä dogrumy?!


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:07) 

GuGaPRO, Magtymgulydan soň diliň näderejede özgeriş geçirenini bileňokmy?


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:23) 

Pegas, Magtymguly Pyragydan soñ dil ösen bolsa onda biz onuñ goşgularyny edebiýatdan çykarmaly bolýasda


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:30) 

GuGaPRO, dil ösdi diýemok, dil özgerdi diýdim.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:34) 

Pegas, Dil özgeren ýagdaýynda-da köne edebi dilden peýdalanmak mümkin däl diýen ýeri ýok şony bilip goý


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:42) 

GuGaPRO, peýdalanmaly. Ýöne ýerlikli. Seňki ýerliksiz.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:45) 

Pegas, näme üçin ýerliksiz hany subut etdä ýerliksizdigini goşgynyñ manysyna görä ýazylýa her bir söz seniñ eliñde diplomyñ bardyr ýöne edebiýata düşünmeýän ekeniñ


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:53) 

GuGaPRO, edebiýaty senden 1000 esse gowy bilýän. Haýsydyr bir klassyky sözi ulanjak bolsaň, onda tutuş goşguda ulan. Haýsydyr bir bogun san üçin ulanma.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 16:57) 

Pegas, sen 1000esse bilýän zadyñ bolanda iliñ goşgysyna akyl satyp internetde oturman okuwçylaryña bilim bererdiñ


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 16:59) 

GuGaPRO, okuwçylarym bilim alýar we sen ýalylardan 100 esse gowy ýazýalar. At dakar ýaly goşgy ýazýaň-da. Aslynda munyň "goşgy" däl, "boşgy".


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:02) 

Pegas, seniñ özüñ zat bileñoga iñ ýönekeý zat teksti dogry ýazyp bileñoga


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 17:03) 

GuGaPRO, haýsy teksti dogry ýazmadym?


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:05) 

Pegas, tekstiñ ahyrynda nokat belgisi goýlandan soñ ara açylyp täze tekst ýazylýar. Öz ýalñyşyñy gözläp tap sen akylly mugallyma okuwçylara TikTok dersinden sapak öwretýän


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 17:06) 

GuGaPRO, nirede ýazylmady?)


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:09) 

Pegas, özüñ tapda ýazan zatlaryñ arasyndan sen güýçli mugallym dälmi?!


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 17:11) 

GuGaPRO, men hijem ýalňyş ýazamok. Şonuň üçin soraýan. Sen diňe bir goşgy ýazyp bilmezlik däl, grammatikadanam nol ekeniň-ä!


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:19) 

Pegas, sen özüñi bil düşündiñmi maña grammatika hökman däl sebäbi öz okan ugrum boýunça Hudaýa şükür türkmen diliniñ nähili tertipde ulanylşyny bilýän


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 17:26) 

GuGaPRO, okan ugruň maldarçylykdyr onda.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:30) 

Pegas, Maldarçylyga däl Hudaýa şükür IT sanly ulgam ýene-de bir maldarçylyk hem ýere urulýan kär eger şol maldarlar bolmasa sen nireden et iýýäñ nireden süýt önümleri içýäñ


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 17:34) 

GuGaPRO, samsyklap başladyň-aý sen. Dawaý-eý, gotur!

 Premium
 Akademik3 [off]
 20.02.2025 / 11:15

+0

Galamyn ujy mundanam beter yiti bolsun dostjan ay name diysenem sen sahyr ekenin oz gosgulandan aydan aydymyn bardy dost munkin bolsa aydymlandan imo goyayda bir dinlap hezil edeli😀


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 11:38) 

Akademik3, sag bol bolýa nesip bolsa goýaryn


Premium
Akademik3  (20.02.2025 / 11:40) 

GuGaPRO, sms yazyan jogap berayow dosjan name indi biz dost dalmi ha sen men mollumymlygyny yadan cykardynmy


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 12:02) 

Akademik3, yadymda el degenok

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 20.02.2025 / 18:00

+0

Gowy gowy gosgy ekeni dawalasmanda her molla oz bilenini okar diyipdirler


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 18:02) 

BAYOGUL, gelip akyl satmaly däldä soñundanam özünden üstün çyksam söwen bolýara çäre görjek dälmi


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 18:05) 

BAYOGUL, bolýa çäre görmeseñ dost


Premium
BAYOGUL [on] (20.02.2025 / 18:06) 

GuGaPRO, hemma zadada bir gezek duydurus berilya duydursam almasa onda care gorulya dostum @pegas indi senem kopculukde gowne degiji soz aytmada Gurbangeldi bari teswir berilyan yere oz beliklerni aydypdyrda bari gosgy barada yazylyan bellik berilyan yerda


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 18:07) 

BAYOGUL, men göwne degiji sözi aýtmagyma sebäp döretdi özi


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 18:07) 

BAYOGUL, edebiýat mollaçylyk däl.


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 18:08) 

GuGaPRO, üstün çyksam? Nämede üstün çykdyň sen?


Premium
BAYOGUL [on] (20.02.2025 / 18:09) 

Pegas, menem bilyan mollacykyk daldigni herkim oz bilisice yazar diyyanda


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 18:10) 

Pegas, adamçylykda üstün çykdym


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 18:14) 

GuGaPRO, goşgyňa edilen tankyda eliň okly-ýaragly çykmakmy adamçylyk?


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 18:15) 

BAYOGUL, men şony aýdýan. Öz bilşiçe ýazmaly, ýöne sözleri dogry ýazmaly, kadalara eýermeli.


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 18:19) 

Pegas, hawwa hakykat üçin şeýdip göreşmeli


Gytyndan
Pegas  (20.02.2025 / 18:22) 

GuGaPRO, hakykatmy seňki?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyz haty..


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyz haty..
Mr_akmyrat (Düýn, 23:23)

SOHBET JUMAYEW DUR YUZUME


Haladym. Gowy eken. Ýetirip dur!...dowamy...
Erkin mowzuklar | SOHBET JUMAYEW DUR YUZUME
Oraz37 (Düýn, 22:26)

Ýük bolmaýyn.


Şahyryň üstünlik hemrasy bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýük bolmaýyn.
Sebap (Düýn, 19:05)

Bolmaýanmyş.


Gowy eken ýetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
Sebap (Düýn, 17:26)

Bolmaýanmyş.


Şahyra berekellla gowy ýazypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bolmaýanmyş.
Sebap (Düýn, 17:23)

Gelinler


Ine goşgy nähili görýäňiz...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gelinler
Dunyodagi (Düýn, 17:14)

Ýaman gelin


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýaman gelin
Dunyodagi (Düýn, 16:57)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


Netim ýa niýetim...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
bolejik@ (Düýn, 12:51)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


ikinji bendiň soňky sertirindäki ,,Direltjek täk Surmy, oglan?!" ,,Surmy" sözüniň näme manysy bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
PeRMaN (Düýn, 12:34)

“Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”


Gowy ýazypdyr şahyr üstünlik hemrasy bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Meň ba-ar netim saňa ýetmek....”
Sebap (Düýn, 12:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика