Ýürekdeş sözler!
Nesip : Diňe ulaga däl, gulaga-da münýärler.@nesip
Meniň mährem ejem janym bar
Betinden Sebap [off] 20.02.2025 / 12:22 Lekum dinukum we liýe din
Meniň şeýle mährem ejem janym bar,
Tapmaryn dünýäde şoňky deý ýürek.
Mähir derýasynda joşar tolkunlar,
Ýöne gerek bolmaz gaýykdyr kürek.
Meniň şeýle mährem ejem janym bar,
Älemiň bar nury jemlenen onda.
Intizar mydama ýoluma garap,
Goltugymdan götermekçi her demde.
Meniň şeýle mährem ejem janym bar,
Hoşgylaw, mylaýym, ajaýyp zenan.
Göýä açylmadyk syrly kitapdyr,
Ak säher bagtly gün bu dünýä inen.
Meniň şeýle mährem ejem janym bar,
Sulhuň alyp, göwnüň galkar şo bada.
Sadalyk, pespällik hem mähribanlyk,
Çörek deý zerurdyr her adamzada.
Meniň şeýle mährem ejem janym bar,
Maňlaýymda ogşan yzlary bardyr.
Eneleriň söýgüsinden bu zemin,
Dört pasyl aýlanýan aýdymdyr, sazdyr.
Oguljennet NAZAROWA
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk