Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Adamlaryn gownune degme. Bir gun gapysyny kakmaly bolarsyn

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ejem hakda söz
 Betinden
 Sebap [3m]
 20.02.2025 / 13:18
 Lekum dinukum we liýe din

Şahyrlar wasp eden gözel däldiñ,
Kirpigi ok, gaşy keman hem däldiñ.
Süýji şirin ýazylan gazal däldiñ sen,
Kän gowgalar gören daýhan aýaldyñ.

Ne gamyş dek näzik barmagyñ bardy,
Ne-de çomuç ýaly doly bilegiñ;
Zähmetsöýer elleñ damar-damardy,
Hiç hasyl bolmazdy seniñ dilegiñ.

Agaç ýaly horduñ, solukdy ýüzüñ
Emma sen sagatdyñ, sagdyn tut kimin.
Işiñ görünmezdi, ýer tutman sözüñ
»Güzeran» diýip, darasañda gurt kimin.

Mähribanym ejem, bagyşla meni,
Şu çeken suratym seniñ suratyñ.
Agaç bolan bolsañ diýrdiler saña:
»Hiç iýmiş getirmez, çapyñda atyñ!»

Emma sen miweli, barly »daragtdyñ»,
Dört ogul, üç gyzyñ mährem enesi
Çagalar sag bolsa, sen hoş bahtdyñ,
Bizdik señ baýlygyñ, bagtyñ hemmesi.

Çülpe çagalaryñ kökenek gerip,
Garyp oraçañda uka batañda,
Her birimiz hakda süýji düýş görüp,
Sen bizi görjekdiñ eýwanly tamda.

Eý mähriban, sada daýhan aýaly,
Sen bizi görensiñ harman daşynda,
Emma ýeten däldir seniñ hyýalyñ,
Gören dälsiñ bizi döwlet başynda.

Arzuw hyýalyñ hem ýetip bilmändir,
Çagalaryñ ýeten belentligine.
Bu gün seniñ ruhuñ täzelenýändir,
Guwanyp perzentleñ kommunistligne.

Kommunist ㅡ halklaryñ alnyna dogan
Gündür, günden eziz ýene näme bar?
Kommunist bar halky etdi bir dogan
Hemme halklar kommuniste minnetdar.

Bir gan, bir jan boluşy dek ene-gyz
Men hem bir jan, bir ten partiýam bilen,
Ejemjan, ol maña señ ýaly eziz,
Men onuñ zürýady, men oña çlen.

Towşan ESENOWA
»Gyzyl güller» kitabyndan alyndy.


54

3

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика