Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Ÿok diÿmek isleseňiz hiç haçan belki diÿmäň.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Agzybir maşgala
 Betinden
 Sebap [off]
 20.02.2025 / 14:24
 Lekum dinukum we liýe din

Iki maşgala goňşulykda ýaşaýan eken. Olaryň birinde är-aýal häli-şindi öýkeleşýän eken, beýlekisinde hemişe söýgi, özara düşünişmek we agzybirlik höküm sürýän eken.
Özdiýenli bikesi goňşularynyň nädip agzybir ýaşap bilýandiklerine hiç-hili düşünip bilmändir we olara göriplik edip ugrapdyr. Bir gezek ýaňky aýal ärinden goňşularynyňka baryp, näme üçin olaryň durmuşynda ähli zadyň gülala-güllükdigini anyklamagy tabşyrypdyr.
Erkek kişi ilki goňşusynyň penjiresine golaý baryp, içerä ýuwaşlyk bilen göz aýlaýar. Onuň gözleri şkafyň üstündäki tozanlary süpürip ýören aýala düşýär. Şol wagt telefon jyňňyrdaýar, aýal alňasap elindäki gymmat bahaly güldany gapyň gapdalyndaky stoluň gyrasynda goýup, telefony galdyrýar. Şol wagt otaga gelen adamsynyň eli atdanlykdan güldana degýär. Gymmat bahaly güldan ýere gaçyp, kül-uşak bolýar.
Bolup duran zatlary synlap duran goňşusy:
- Ine, indi hakyky tomaşa tursa gerek - diýip, öz ýanyndan pikir edýär.
Emma aýaly telefony goýansoň, adamsynyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen:
- Bayşla, ezizim! Bu meniň günäm boldy, güldany içiräk goýmandyryn - diýip, müýnürgeýär. Şonda äri oňa şeýle jogap berýär:
- Ezizim, gaýtam sen meni bagyşla! Ony görmänligim üçin men günäm!
Goňşusy lapykeş halda öýüne dolanyp gelýär. aýaly goňşusynyň maşgala abadançylygynyň syry bilen gyzyklanýar. adamsy oňa:
- Bilýäňmi näme, olaryň maşgalasynda hemmeler günäkär, bizde bolsa, tersine hiç kimiň ýazgysy ýok - diýip, jogap berýär.

Ýazan: Sebap
Ýalňyşlyk bar bolsa teswirlerde bildiriň!


81

9

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Gunesh [off]
 20.02.2025 / 15:06

+0

Gaty gowy hem manyly bolupdur yetirip dur


Betinden
Sebap  (20.02.2025 / 15:06) 

Gunesh, sagbol


Täzeje
Gunesh  (20.02.2025 / 15:07) 

Sebap,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика