Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Soñky menzil soñky ýol soñky sözüm bagtly bol ??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ykbalym
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
 20.02.2025 / 17:19
 Øzime_dønein?

Sen gitmek isleýäň nireleredir,
Kimden gaçýaň, ýazgytdanmy, ykbaldan?
Ejiz geldiň, “Sakla” diýip ebedi
Beren ynamymy aýap saklardan.

Sen gitmek isleýäň menden uzaga,
Berip wadalary ençe eserlik.
Gurduň, ine, özüň düşdüň duzaga,
Ýazgytdan gaçma ýok.
Düşünmegiňe,
Näme, eýsem bu-da dälmi ýeterlik?

Sen gidýäň ýalanyň syryp perdesin,
Özge dünýäň gapysyny kakmaga.
Goý, ykbalym maňa rugsat bermesin
Seň biçäre bu halyňa bakmaga.

Sen şeýle bir gitmek isleýäň welin,
Garşy bolmak hukugyndan jyda men.
Wah, alajym näme, bir zady welin,
Haýyş edýän, haýyş edýän juda men:

Gelipdiň gaşyma şagyzy bolup,
Men dyza çöküpdim, bolup bir gedaý.
Ömrüň ýazylmadyk kagyzy bolup,
Unutmajagyňa söz ber-de,
Gidäý!


#MukamMUHAMOW


75

12

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 20.02.2025 / 17:20

+0

Şuñ awtory kim bolsa aÿdaÿyñ


Täzeje
Olya  (20.02.2025 / 17:25) 

Yekejelai,unutmajak bolsa gitmek nämä gerek döneýin


Gytyndan
Yekejelai  (20.02.2025 / 17:26) 

Dunyodagi, şonnodo unutmasyn?


Täzeje
Olya  (20.02.2025 / 17:27) 

Yekejelai, onna gitmesin


Gytyndan
Yekejelai  (20.02.2025 / 17:28) 

Dunyodagi, hawa gitmesin


Täzeje
Olya  (20.02.2025 / 17:49) 

Yekejelai, ýanyňda sakla

 Öwreniji
 GuGaPRO [off]
 20.02.2025 / 17:21

+0

Gaty gowy goşgy eken


Gytyndan
Yekejelai  (20.02.2025 / 17:21) 

GuGaPRO, hawa


Öwreniji
GuGaPRO  (20.02.2025 / 17:22) 

Yekejelai, ❤️‍?❤️‍?❤️‍?❤️‍?❤️‍?


Täzeje
Olya  (20.02.2025 / 17:23) 

GuGaPRO, hm beter gowy

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 20.02.2025 / 17:29

+0

Awtory Mukam Muhamow welin, bu dolusy däl-ä.

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 20.02.2025 / 17:33

+1

Sen gitmek isleýäň nireleredir,
Kimden gaçýaň, ýazgytdanmy, ykbaldan?
Ejiz geldiň, “Sakla” diýip ebedi
Beren ynamymy aýap saklardan.

Sen gitmek isleýäň menden uzaga,
Berip wadalary ençe eserlik.
Gurduň, ine, özüň düşdüň duzaga,
Ýazgytdan gaçma ýok.
Düşünmegiňe,
Näme, eýsem bu-da dälmi ýeterlik?

Sen gidýäň ýalanyň syryp perdesin,
Özge dünýäň gapysyny kakmaga.
Goý, ykbalym maňa rugsat bermesin
Seň biçäre bu halyňa bakmaga.

Sen şeýle bir gitmek isleýäň welin,
Garşy bolmak hukugyndan jyda men.
Wah, alajym näme, bir zady welin,
Haýyş edýän, haýyş edýän juda men:

Gelipdiň gaşyma şagyzy bolup,
Men dyza çöküpdim, bolup bir gedaý.
Ömrüň ýazylmadyk kagyzy bolup,
Unutmajagyňa söz ber-de,
Gidäý!


©Mukam MUHAMOW


Gytyndan
Yekejelai  (21.02.2025 / 21:43) 

Pegas, sagboluñ?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика