Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bashyñy ýüregime ýaplap ýatanyñda, ýekeje dushmanym bardy:geçip barýan wagt..!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bir näçe liriki goşgylar.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 20.02.2025 / 18:46
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Sekiz ýyl öň gülüp bakan gözleňde,
Soňky geçen ýyllaň közi ýanyp dur.
Gara tüm gijede şamar odunda,
Mukaddes söýgümiň özi ýanyp dur.

Hakyky söýgüniň ýok eken çägi,
Ony inkär etmen dirilik çagy.
Erän ýüregimiň erginlik ýagy,
Ruhy dünýämi ezip, damyp dur.

Biziň aramyzy bölüp giňişlik,
Miras goýup gitdi ägirt bir boşluk,
Ýürekden ýok bolup şadyýan hoşluk,
Oň ýerine gaýgy-hasrat dolup dur.

Kän bolupdy dostdan duşmanlaň sany,
Ynan ýüregimiň Beýik soltany,
Bu gün söýgümiziň diri duşmany,
Bizi görüp üstümizden gülüp dur...

***
Limide garaşyp näme ýazjagyňam ýatdan çykyp gidýär. Inha şonuň üçin ýenede şunuň aşagynda goýýan.
***

Gyzgyn ýaşlar al ýaňakdan syryksa,
Köňlüm aram tapmaz, urunar tende.
Söýgi derdi gaýgy-gama birikse,
Ynjasaň karardan düşerin mende.

Ýaş aýlap gözüňe aglama sessiz,
Gan öýen ýarama sepme sen duzy.
Ýüregmiň ozalky ýarasy bessir,
Çalma sen kalbymda gussaly sazy.

Bilbil bolup saýrap oýarsam säher,
Gaşyň çytyp, guşa etmegin gahar.
Penjiräňden giren mylaýym şemal,
Şemal däl men bolup ýaňagyň öper.

***

Gözlerimde goýup giden yzlaryň,
Tapjak bolup ömür boýy gözlärin.
Özge gözler tutmaz ýaly ornuňy,
Sen keşbiňi ýüregimde gizlärin.

Ýüregiň üstüne ýüregi m goýsa m,
Söýgüňde söýgime meňzeşlik duýsam,
Ý etsemde özüňe egsilmez derdim,
Ömürlik uklaman bir seni söýsem.

***

Dogry seniň päkligiňe sözüm ýok,
Bilýärin ýürekden söýeniňem meni.
Ýöne şol söýgüden şineläp çykan,
Söýgümiziň ajap simwoly hany?

Nirde gyzgyn damarlara güýç beren,
Ýürek bökdüriji mylaýym sözler.
Nirde meni güneş kimin garşylap,
Boz maýa dek meni uradan gözle r?

Ýok sende ýetenok ýekeje bir zat,
Olam öz söýgüňe bolan ynamyň.
Söýgüliň ýürekden aýdan sözünden,
Gowy gördüň, özgäň aýdan ýalanyn!

Seň üçin ähli zat, tebigy bir zat,
Söýüp, söýülmegem bir şoňa bagly.
Şoň üçin ezizim ýedi ýyl bäri,
Özge öýden çykýaň ýüregi dagly...

***

Sen meň üçin, aýdylmadyk bir aýdym,
Yşkyňda köýdürip, edýärsiň däli.
Men seni her näçe söýsemde häli,
Sen özgäň aýaly, özgäň aýaly.

Gussaly gözleriň ýaksada janym,
Kirpikleň ok bolup döksede ganym,
Seni b agş edens o ň özgä hudaýym,
Sen özgäň aýaly, özgäň aýaly.

Bilýärin men kyndyr çykarmak ýatdan,
Çykarmaga hakymyzam ýok ýaly.
Hyýalymda ýaşasamda seň bilen,
Sen özgäň aýaly, özgäň aýaly.

***

Ýar gitdi, men galdym, ulaşyp derde,
Bilmedim ýagdaýyn, ýaryň ol ýerde.
Aglamak ejizlik bolsada merde,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

Arzuwum - hyýalym başymdan uçdy,
Ýüregim çat açyp, akylym çaşdy.
Dostlarym güň bolup, duşmanlam joşdy,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

Ýaşamak kyn onuň jemalyn görmän,
Ýa ykbala ýazyldymy bu perman,
Haýyşym, ýürekde galmasyn arman,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

Baharsyz bu dünýä öwrüler tüme,
Her günüm öwrüler gaýgydyr-gama,
Men onuň aşygy, etmişim näme?,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

Ýar gitdi, ýürekde kän galdy arman,
Indi meň derdime ýok özge derman.
Gideýin men, ýara bolaýyn gurban,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

Näkesler ynanmaz güýjüne yşkyň,
Yşka düşse şalar küýsemez köşgün,
Göwnüm aýdar, ýaryň mekan n a göçgün,
Saklamaň halaýyk, saklamaň meni.

***

Agşam düşüp tüm ýöredende höküm,
Ýolumy ýagtyldan aýy ýatlaýan.
Ot öçüp, burugsap galanda tütün,
Alowlap çabyran çog y ýatlaýan.

Durmuşda ýatlama galyp bir zatdan,
Biri süýji, biri beterdir otdan.
Has şirin ýatlaman sorap wagtdan,
On ýedimiň bahar – ýazyn ýatlaýan.

Kätede gulaçlap pikir ummanyn,
Duýman ýaz ýagşynyň süňňüm ezýäni n.
Göz öňüme getirip seniň dymýanyň,
Hupbatly söýgüniň näzin ýatlaýan.

Näzik duýgularym joşup kalbymda,
Hemram bolup gelýär bütin ömrümde.
Söýgümiziň bu ajaýyp şygrymda,
Gün saýyn köpelýän paýyn ýatlaýan.

***

Geçenok ezizim bu hupbatly gün,
Aýralyk dag bolup üstümden basýar.
Giňişlige näçe garadygymça,
Nämüçündir meniň ýüregim gysýar.

Garjaşyk pikirler daşymy gurşap,
Ikä bölýär meniň ýörejek ýolum.
Birisi söýgüsiz gurulan durmuş,
Biri gülläp soňra köýen ykbalym.

Tolgunmasyn ýürek, daňyň gözlerim,
Nätanyş ýürege syn etmesin ol.
Çaknyşyp göreçler ot alyp söýgi,
Üçünji ýüregi buz etmesin ol.

Biçäre ýüregim uzakmy ömrüň,
Uzakmy urmaly urgulaň sany.
Togtat urgularyň gurasyn çeşmäň,
Üçünji ýüregiň sag bolsun jany.

Goý ol ynjytmasyn köýen ykbalym,
Goý sülleren bägül terlensin çyga.
Ýumul eý gözlerim, urma ýüregim,
Döz gel indi ýiti uruljak tyga.

Näme sen sançýarsyň aşa gussaly,
Bilýän ýürek, saňa ir entek ölmek.
Emma köýen söýgüm ýaşatmak üçin,
Ynan diňe seniň ölmegiň gerek...

Hemmeler başarýar aňsat ölümi,
Emma sen bar gussany çekip ölmeli.
Gyrmyzy ganyňy topraga garyp,
Gül bolup zemine gaýdyp gelmeli.

***

Dagdan siller inse aşak,
Insin depämden başaşak,
Dolan, gitme meni taşlap,
Men sensiz karar tapmaryn.

Yşkyň derdi geçer tenden,
Sowular bahar – ýaz menden,
Köwser dagyň derbendinden,
Men sensiz karar tapmaryn.

Egiler çynaryň başy,
Görünmez töwerek daşy,
Döküp gözden ganly ýaşy,
Men sensiz karar tapmaryn.

Ýalbar yp men Biribara,
Gowşur diýip meni ýara,
Kalbyma salmada ýara,
Gel sensiz karar tapmaryn.

***

Perwana-da oda aşyk,
Ahyr özün urýar oda.
Aşyklara oda ýanmak
Ata-baba gelýän kada.

Gözleriň ot-ataşynda
Meni oda atyp gitdin.
Gyzgyn demiň, gyzgyn posaň
Döşlerimi ýakyp gitdi.

Keýp edeli, läläm, bu gün,
Şady-horram boluşyp.
Gyşaraly gül içinde
Çyrmaşyk deý çyrmaşyp.

Läläm, seniň gujagyma
Gysylyşyň mähriban.
Alkymyňy ysganymda,
Gyzaryşyň mähriban.

Saňa aşyk ýüregimiň
Damar urşun bilişiň,
Näz-kereşme edip maňa,
Jak-jak urup gülüşiň

Lezzet alýan şol gülküden,
Gülsene sen, mähriban!
Seýkin basyp gujagyma
Dolsana, sen mähriban!

***

…Düýşde görýän ýaly haýrana galyp,
Geňirgenip, gözleriňe seredýän.
Sen bolsa, uýatly ýylgyryp maňa,
Göwrämde ýeňillik duýgy döredýäň.

Ellerini meniň egnime atyp,
Ýanym bilen barýar örän erkana.
Gözüme garaýar, kä oýa batyp,
Gijelikde Aý ýüz hasam görkana.

Biri-birimize pugta gyslyşyp,
Gijäni geçirdik deňiz boýunda.
…Ykbalyma seni çatan gijäni
Ýene bir ýatladym durmuş toýumda…

***

Birje sözi aýdyp bilmän şol gyza,
Tutaşan odumy öçüdiň, haýa!
Şeýdip, meniň tutuş ömrüm ýalňyz-a
Geçirdiň, geçirdiň, geçirdiň, haýa!

Guşluk diýen çagym öýlemidi ýa?
Eýläk çykdym, ugrum beýlemidi ýa?
Owalda ykbalym şeýlemidi ýa,
Bilbildim, gülden-ä uçurdyň, haýa!

Diýýärsiň-de: «Muny niçik görýärsiň?!»
Indem, ynha, dilime söz berýärsiň,
Gerek wagty ömrüm geçdi bir ýarsyz,
Indem giç gülleri guçardan, haýa!

***

Bilseňiz, jana derman –
Aýallaryň igenji.
Bize tükenmez perman –
Aýallaryň igenji.

Öýüňiz düzetjekdir,
Ýokdan bar döretjekdir,
Hökümin ýöretjekdir –
Aýallaryň igenji.

Ýalňyşsaň, işiň gaýdar,
Göni ýüzüňe aýdar,
Teniňe geti:r jan der –
Aýallaryň igenji.

Gözüne ilmejek bol,
Işiňde bolma haýal,
Aýbyňy eder aýan –
Aýallaryň igenji.

Özüňi mäkäm eder,
Pesleseň, kül, gül eder,
Eşidene elheder –
Aýallaryň igenji.

Akylyňy çaşyrar –
Aýallaryň igenji.
Aňkamyzy aşyrar –
Aýallaryň igenji.

Dogry ýola getirer,
Bitmez işi bitirer,
Ýürek suwun ýatyrar –
Aýallaryň igenji.

Kä aňkaňy aşyrar,
Kä ýüregi çişirer,
Akylyňy çaşyrar –
Aýallaryň igenji.

Kä aňkaňy aşyrar,
Kä maňkaňy çaşyrar,
Kä il-güni üýşürer –
Aýallaryň igenji.

Dogry ýola getirer,
Bitmez işi bitirer,
Ýürek suwun ýatyrar –
Aýallaryň igenji.

Aýallaryň begenji –
Aýallaryň igenji.

***
Inha, şu günki limidimä şulardan ybarat!


47

8

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 21.02.2025 / 13:54

+0

Kän bolupdy dostdan duşmanlaň sany,

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 21.02.2025 / 13:55

+0

Ýetirip dur gowy eken

 Täzeje
 HOSHNIYET [off]
 21.02.2025 / 14:09

+0

Sabryn suwa donup gozunden akdy
Elheder aldym men didan yashyndan.
Meni gujagyndan aldy-da Takdyr
Hazir etdi ayralygyn gashynda.

 Premium
 General [off]
  Who are you referring to?
 21.02.2025 / 14:26

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Şugün, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Şugün, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика