Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Anora : Durmuş şeýle bir işleri başa salýar, ýagny iň uly ýalňyşyň arkasynda unudulmajak bagt bar.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Beýiklik
 Betinden
 Sebap [37s]
 21.02.2025 / 21:03
 Lekum dinukum we liýe din

Ötdi şu gün bu jahandan dirikä
Salama geçmedik nadyl bir gende.
Iliñ beýikligne haýranlar galdym,
Hanha, ony alyp gitdi gerdende.

Adam bary derin çalyp, ylgaşlap,
Hormat edip, ony egne mündürdi.
Ol bolsa köp ýyllap şu märekäniñ —
Agzyna zäk atdy, diri ýandyrdy.

Süýtden gan gözledi gowy günlerde,
Bir gezegem «gowy» diýmedi gowa.
…Çal sakgalny orta goýup gojalar —
Ene ýer öñünde geçdiler güwä.

Diýdiler: «Gowudy,
gowudy,
gowy…»
Onsoñ utanç bilen bakdylar ýere.
Ýalan gepe Zemin aglarmyş sojap,
Bagryna düşermiş ýene bir ýara.

Oñ belent başynyñ artarmyş agy,
Göz-görtele peslik gitse ýuwulyp.
Nätjek-dä, bu dünýä döräli bäri,
Erbetligi göterip ýör gowulyk!

Aman-aman, ene ýeriñ öñünde
Il ýalan sözleýär «gowudy» diýip.
Gowulyk nirede, pesdi ol adam.
Ýöne il göterýär.
Il — beýik,
beýik!

1972 ý.
Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy


55

5

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика