Ýürekdeş sözler!
Anora : Durmuş şeýle bir işleri başa salýar, ýagny iň uly ýalňyşyň arkasynda unudulmajak bagt bar.
Ykbalmy bu?
Betinden Sebap [44s] 21.02.2025 / 21:10 Lekum dinukum we liýe din
Dogry baha bermez hiç kim meňzime,
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly.
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine,
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly.
Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni,
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim.
Olam boş goýmady — öwezne meni,
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin.
Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi.
Gussa pyçagynda arzuw dogradym,
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy.
Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy.
Yşk okundan atyp goýan maralmy,
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy…
Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň
Diýerler » özüňde soňsuz günä kän »
Göreşmedik…
Şony hasap etmeseň
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär.
Ylham GURBANALYÝEW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk