Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýýän adam arasy öýkeli bolsoda ýazmak üçin bir bahana tapar ?
Göwnüm umytly
Betinden Sebap [1m] 21.02.2025 / 21:30 Lekum dinukum we liýe din
Ah, sen gara bagt ýarym,
Ýüregime nagmadyň.
Bulut kimin yňdyryp,
Gelip geçdiň, ýagmadyň.
Ýa aşamy söýenim,
Ýa-da ol ýetmedimi?
Ýa köşkde ýeke galdyň,
Ýa köňlüm kepbedimi?
Söýgi gizlenpeçekdi,
Gizlensem-de tutuldym.
Saňa gezek gelende,
Del ykbala bukuldyň.
Eger-eger bilmedim,
Öpüşýänçä ýer we dyz.
Goran gar meýdanym, ah,
Bolan eken aýak yz.
Ýene diýdim: -Ilçilik,
Sataşyberýär ýek-tük.
Emma, ýürek urgusy,
Haýallady dük, dük, dük…
Dogry, senem gyýyldyň,
Aýralyga guýup meý.
Biraz ýüzüň saralyp,
Ötürdiň soň grip deý.
Soňra adym deregne,
Goýulanda san sözi.
Käbir atlaň yzyna,
Goşulypdyr jan sözi.
Dumanlyka gözlerim,
Mende kelle wagty säm.
Sen bolsa peýwagtyňa,
Özge gola öwrenşýäň.
Gözleriň ýyldyraýar,
Ýene saçlaryň çözlem.
Gabaklaryň agy däl,
Bagt ýaşyna ezilen.
Käte oýlanýaň, dymýaň,
Nazaryňda asyr bar.
Kä ýöreýäň çalt-çaltdan,
Gyrmyz köýnek pasyrdar.
Lebleriň öwşün atýar,
Gowsüň diýýär böwüsýän.
Ah, şemal çawuş çakýar:
— Oglan, şol ys öwüsýär…
Özgä bakýan gözleriň,
Ykbalyma boýalýar.
Şonda-da kesik göwün
Çapyk tut deý boý alýar.
Ahmet ARAZOW
Teswirler:
Premium
Power [off] Şörtjigedemä bir zat ýazmaly özä 21.02.2025 / 21:32+0Gowy eken ýetirip dur...
BetindenSebap (21.02.2025 / 21:34) Power, nesip bolsa
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk