Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Bir gün maňa düşünersiň, ýöne şol gün men bolmaryn

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Habar ber
 Betinden
 Sebap [4m]
 21.02.2025 / 21:33
 Lekum dinukum we liýe din

Däli göwnüm, dönüp yzyň gözlegin,
Ne galmagal geçdi başdan, habar ber.
Ýalana ýaran ýok, dogry sözlegin,
Ýol başladyň nije işden habar ber.
Ussa bolduň, teşe tutduň eliňde,
Bor-bolgusyz söz aýladyň diliňde,
Näme täsin iş görkezdiň iliňde,
Dogry dur-da, ilki başdan habar ber.

Oglankaň okardyň dürli dessany,
Göýä seýil ederdiň bagy-bossany,
Sanardyň özüňi yşgyň messany,
Aşyk bolsaň, galam-gaşdan habar ber.

Ylym okap, haýsy ýola ýollandyň,
Sen bir nadan halk içinde bellendiň,
Arypmysyň, itden beter aldandyň,
Namys etme, Bossantäçden habar ber.

«Men Mollanepes» diýp adyň tutarsyň,
Il içinde akyllylyk satarsyň,
Pikir etgin, nam-nyşansyz ötersiň,
Nirde galdy, ýigrim bäşden habar ber.

Hiç bir işe ýapyşmadyň jan bilen,
Belki, sen sanaldyň gury san bilen,
Ters jedelde garşy durup on bilen,
Nämä gördüň, şol boluşdan habar ber.

Nepes, sen diýmegin, çeper dilim bar,
Pylan kesde döwlet ýa-da ylym bar,
Her kim bolsun, gutulgysyz ölüm bar,
Ajal meýin içhä-içden habar ber.

Awtoryny tapyp bilmedim
Alnan ýeri:kitapçy su


55

3

0

1

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика