Ýürekdeş sözler!
Zehin : BAGYŞLA. birek-biregi bagyslamak in uly adamcylykdyr
Çörek hem ahlak
Betinden Sebap [off] 22.02.2025 / 00:56 Lekum dinukum we liýe din
Artyk göräýsemem, az-a göremok,
Bu dünýäniñ maña beren paýyny.
Özüm bilen getirmändim ahyry,
Iýjek nanymdyr-u, içjek çaýymy.
Durmuş bolsa şu zatlardan başlanýar,
Şuny-da biz ýatlaýarys her demde:
Günüñ reñkin soran bugdaýyñ başy,
Bu Dünýäni göterip dur gerdende.
Yzda galdy agaç asyr, daş asyr…
Adam ýyldyrymdan ýasandy ganat.
Ýyldyrymyñ ýelgininden ýel alyp,
Biz şahyrlar guduradyk kä halat.
Bajakly meýdanlar ilmedi göze,
Ýöntemräk göründi derçirän daýhan.
Ýöne şindem şu meýdandan önýärdi,
Ýüzüme syldygym mele-myssyk nan.
Säherler başlanýar aýdym-saz bilen,
Dañdan başym galdyrmandym ýassykdan.
Kemlikden-ä zeýrenmäge hakym ýok,
Eger gäbim azaýmasa meslikden.
Takyr ýola düşen tigirçek ýaly,
Ýyndamlandy baharymyz, gyşymyz.
Hernä, bu döwletden, beýle bagtdan,
Aýlanmasyn bu amanat başymyz.
Şeýle zamanada ýaşap ýörüs biz:
Tapylýar bir zady küýsese ýürek.
Rysgalymyz ýetik.
Ýöne şu zady,
Göteräýmek üçin injigem gerek…
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk