Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Fantom : Несмотря на значительную разность в менталитете, культуре, языке, привычках, традициях людей из разных стран, дураки везде примерно одинаковые.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Göwün
 Täzeje
 Batyrova [off]
 22.02.2025 / 10:50

Awtobus menziline tarap sallamlyja ýöräp barýardym.Tebigatda güýz pasly saralan ýapraklaryny zemine seçelemegini dowam etdirýärdi.Men bady gowşan düýe ýaly ädimläp barşyma awtomenzile ýetenimi bilmän galypdym.Barsam awtobusyň ugramagyna ýene bäş minut çemesi wagt galan eken.Wagtymy ýitirmän ýolugra dükandan içer ýaly agyz suw bilen ýolda güýmener ýaly bir žurnal aldym.Alan žurnalym hem iliňkä meňzeş däldi,diňe awtoulaglaryň suraty, ýöne ýokdan bar ýagşy diýäýmeseň okar ýaly gyzykly zat ýok.Garaz, awtobusa münüp ikinji hatarda oturdym.Meň yzymda bolsa bir çagajyk, daş keşbinden çen tutsaň ýaşy otuza golaýlan gelin we bir kempir otyrdy.Ýaňky çagajyk awtobusyň aýnasyndan seredip, eýläk-beýläk gatnaýan ulaglara göwni gidýärdi.
-Eje,seret, hana kakamyň maşyny!
-Ýok oglum ol kakaň maşyny däl.
-Onda kimiňki?
-Başga bir daýyňky.
Otuz sekuntlap çaga ümsümje oturdy-da(mundan uzak hiç bir çaga-da saklanmaýar) garamtylja gaşlaryny çytyp:
-Eje, biziň kakamyz nirede?-diýdi.
-Oglum, kakaň uzak ýerlerde zähmet çekýär.
Gelniň bu sözüni aýdany hem şoldy welin ýanynda oturan garry( gelniň ejesi bolmaga çemeli) hemle bilen,,Hä,dogrudyr!''diýdi.
-Eje,kakam maňa-da goňşymyzyňky ýaly owadan welosiped alyp berer gerek?!
-Elbetde oglum, hökman alyp berer.
-Alyp bermänjik geçäýer-diýip, ýüzüni aç arslana meňzedip oturan kempir gülümsireýän ýaly gürledi
- Indi kakaň gelip bolandyr. Ol indi başga eje bilen.
Gelin kempiriň ýüzüne gözlerini süzüp bakdy-da gözlerinde hünji bolup akan gözýaşlaryny öz garamtyl öýmesine süpürdi.Şol wagt men ähli zada oňat düşündim.Diri wagty atasy öz çagasyny ýetim goýup,başga birine göwün beripdir.Emma meni has-da beter şol kempir kejikdiripdi.Nämäň-nämedihine düşünmese-de çagajyk öz kakasynyň indi gaýdyp gelmejegine göz ýetiripdi.Men oturyp bilmedim.Ýerimden turdumda çagajyk bilen salamlaşdym.Ol ilki bada menden çekinjiredi.
-Oglanjyk seň adyň näme?
-Meň adym Aman-diýip, körpeje oglanjyk ejesinin gujagyna gysyldy.
-Wiý,Amanjan, bu senmidin asyl!Men seň kakaň bilen bile işleýän.Ol seni gaty göresi gelýär.Ol saňa welosiped alyp berjek diýdi. Kakaň seni görmäne gaýtmalydy welin men ýaramadym, onsoň meni sagalýançam öýe iberip, kakaňa biraz işlemegi haýyşt etdiler.Ol saňa sowgatjygam iberdi, ýöne men seň salgyňy ýatdan çykaraýypdyryn!
-Hany onda kakamyň maňa iberen sowgady-diýip, oglanjyk maňa soragly nazaryny aýlady. Men dükandan alan žurnalymy aldym-da oglanjyga uzatdym.Ol göýä uly sowgat berilen ýaly žurnaly garbap aldy-da, ony derrew bagryna basdy.Elbetde,bu sowgat onuň üçin bahasyzdy, sebäbi ol öz zähmetkeş kakasynyň sowgady ahyryn.Şonda ol öz mähirlije ýylgyrşyny edip, göz ýaşyny saklap bilmän oturan ejesine ýüzlendi:
-Eje, kakam dogurdan-da daş ýerde işleýän eken, indi ol gelip maňa welosiped hem alyp berer, maňa ony sürmegi hem owreder, goňşymyzyň kakasy ýaly meni gujaklap, seýilgähe-de äkider.
Çagaň her sözi meň ýüregimi para-para edýärdi.Ine-de meniň duralgam.Men awtobusdan düşüp galsam-da ýüregim şol çagajyk bilen galypdy.Ol çagajyk häzir-häzir hem kakasyna garaşýandyr.Şol gün men öz maşgalasyny sebäpsiz taşlaýan nadan erkekleri näletledim.Özüm entek maşgala atly bagtyň eýesi bolmasam-da,öz nebsimiň öňünde beýle nadanlyga baş bermejegime söz berdim.Goý beýik merhemetli Allaň özi şeýle ykbally çagalary öz penasynda aman saklasyn.Ämin.


87

11

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Batyrova [off]
 22.02.2025 / 10:52

+0

Bolan waka

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella örän gowy goşgy çykypdyr.Mlds.Yetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Sasiyona (Şugün, 11:19)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Gulmahrem (Şugün, 10:46)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Mizan (Şugün, 10:23)

Meniň öýüm Daşoguzda...


gaty gowy tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
yaltaja_lai (Şugün, 09:47)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gaty gowy gordum. Yone men-a gyzyn deregine bolsam bu gosguny okap ara acardym senden ) gunde myhman, corek yap, sygyr sag...)) Merkez diyyanin D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Belki (Şugün, 07:41)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Señ soygi temadan suwjaryp ýazmayşyñy halaýan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Ahmal (Şugün, 07:31)

Owadan yazuw basleșik


Su saytyñ media lentasynda goýsañam bolýardy. Goyan suratynynam asagyna"ýazuw bäsleşik üçin" diyip goýsa. Bir gun belläp hemme suratyny şoña taýy...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Ahmal (Şugün, 07:19)

Söýgi sözleri❤️


Bolgusyz terjimäñ üstüne suwjukluyk, hasam beter mynasyp edipdir diss like a. Gatam gorme onsan...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Ahmal (Şugün, 07:04)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Bir adamam "Tüweleme, ýeňişiňiz bilen gutlaýaryn" diýmändir, onsoň başga zada nädip garaşjak ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Wrestling (Şugün, 05:09)

Owadan yazuw basleșik


Mana hokman yatladyn yarys golaylanda, men pocerk gorkezeyin size ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Wrestling (Şugün, 05:03)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика