Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Mana wagty yoklara, men sekundymam yok ynanai. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bolmaýanmyş.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 22.02.2025 / 17:20
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Dostlar şu köne dünýäniň,
Hiç wepasy bolmaýanmyş.
Sözüm deňdir baý- garyba,
Hiç kim baky galmaýanmyş.

Işläp gazanyp ýörseňde,
Keýip sapalar sürseňde.
Goluň çermäp harsursaňda,
Bolmajak zat bolmaýanmyş.

Etseň ýazykly günäni,
Hakdan tapmarsyň penany.
Hor saklan ata-enäni,
Iki dünýe gülmeýänmiş.

Haramdan çekseň eliňi,
Gybatdan saklap diliňi.
Alla ýalkan öz guluny,
Hiç dowzaha salmaýanmyş.

Ilçe bolmaz ýasyň- toýuň,
Köp myhmanly bolmaz öýüň.
Başda ýitiren abraýyň,
Soňra gaýdyp,gelmeýänmiş.

Köp bolarmyş gaýgyň-gamyň,
Kynçylyk basan gadamyň.
Syrkaw,ýarawsyz adamyň,
Hiç zat gözüne ilmeýänmiş.

Gezip ýörseň Alla diýip,
Il halkyňa hormat goýup.
Ýaşasaň söýlüp-söýüp,
Gunça gülüň solmaýanmyş.

Ykbal oňa keç baksada,
Güýçli hassalyk ýyksada.
Ynsan ogly dert çeksede,
Wagty dolman ölmeýänmiş.

Adam şatlanyp gezmese,
Öz işin özi çözmese.
Alla kysmata ýazmasa,
Bolmajak zat bolmaýanmyş.

Arassa zähmet halal iş,
Berse wepaly ýan-ýoldaş.
Ýük bolsa-da gerekli daş,
Asyl agram salmaýanmyş.

Uzadan ýeriňe eliň ýetse,
Ogul-gyz hyzmatyň etse.
Şatlyk bilen ömrüň ötse,
Janda arman galmaýanmyş

Aýdar Hydyr gamly başym,
Saýgaramok ýakyn-daşym.
Boş bikär geçiren ýaşym,
Indi gaýdyp gelmeýänmiş.

Hydyr Gylyjow.


95

10

5

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 22.02.2025 / 17:23

+0

Şahyra berekellla gowy ýazypdyr


Özümiziňki
Fantom  (22.02.2025 / 17:26) 

Sebap, By ýaşuly Balkanly, Gumdag diýilýän ýerde ýaşaýar.


Betinden
Sebap  (22.02.2025 / 17:29) 

Fantom, hm Gumdag diýsene nebitdagda bolaýmala tanap bilerdim

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 22.02.2025 / 17:26

+0

Gowy eken ýetirip dur

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 24.02.2025 / 01:03

+0

Gowy ÿazÿan eken. Ÿetirip dur.

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 24.02.2025 / 01:03

+0

Başkada năhili gowja goşgylary barka

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 24.02.2025 / 01:04

+0

Bar bolsa mowzuk edip açay. Okaly


Özümiziňki
Fantom  (25.02.2025 / 07:00) 

@menin_dunyam, Bolýa, açaryn!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика