Ýürekdeş sözler!
Jasmin : Besdir, Aýam gündizlerine çykanok, Gijelerine Günem ýagty saçanok, Seň söýýän ýigidiňem gujak açanok, Ykbal saňa bir bilbili dözmedi, Nätjek sen söýseň-de ýigit söýmedi
Ýük bolmaýyn.
Özümiziňki Fantom [17s] 22.02.2025 / 17:48 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Ýigrendirme ýakyn-ýada,
Özüň ýetir her myrada.
Kadyr Alla bu dünýäde,
Her namarda ýük bolmaýyn.
Ömür berip,uzat ýaşym,
Gam-gaýgyda goýma başym.
Öz elimden gelsin işim,
Bikär,biderek bolmaýyn.
Aýdym ýazyp,düzüp goşgy,
Bolsun mende söýgiň yşky.
Belent bolsun köňül köşgi,
Beýle boş ýürek bolmaýyn.
Gezeýin ömrümi bezäp,
Zat dilesem,Hakdan diläp.
Göwün ýykyp,ýürek bulap,
Ýigrenji siňek bolmaýyn.
Ýaratsaň halkyň geregne,
Dolmaýyn gahar ýaragna.
Ajy sözläp,il ýüregne,
Göni atylan ok bolmaýyn.
Ömrüm geçmesin dert bilen,
Iş salyşsam bir mert bilen.
Tä ölýänçäm namart bilen,
Asyl duzemek bolmaýyn.
Gulak goýulsa sözüme,
Güýç ,gaýrat geler özüme.
Aýbym aýdylsa ýüzüme,
Gara bolsam,ak bolmaýyn.
Uzak ýaşap ömür sürmän,
Toýum tutup durmuş gurman.
Agtyk söýüp,çowluk görmän,
Bu dünýeden ýok bolmaýyn.
Gazanaýyn haýyr-sogap,
Özüň maňa duşur sepäp.
Her namarda berip jogap,
Beýle dar ýürek bolmaýyn.
Durmuş gerek maňa indi,
Ykbalymdan ömrüm ýandy.
Halallykdan alyp pendi,
Ömrümde lälik bolmaýyn.
Dilegim kändir Hudaýym,
Özüň ýetir,rysgal-paýym.
Irden ýaşyp günüm-aýam,
Ajala gerek bolmaýyn.
Gözlerimi tutdy perde,
Çagalykda duşdum derde.
Aýdar Hydyr men hiç ýerde,
Bir namarda ýük bolmaýyn.
Hydyr Gylyjow.
Teswirler:
Betinden Sebap [39s] Lekum dinukum we liýe din 22.02.2025 / 19:05+0Şahyryň üstünlik hemrasy bolsun
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 24.02.2025 / 00:51+0Awtora űstinlik ÿetirenler sagbolsyn
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk