Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Если что-то болит – молчи, иначе ударят именно туда.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Çaga we men
 Betinden
 Sebap [9s]
 23.02.2025 / 06:30
 Lekum dinukum we liýe din

Çaga ýatýar, uçýar düýşinde,
Onuñ oýundan başga aladasy ýok.
Men horazsyz dañ atýanyn bilýärin,
Çaga welin, bu zatlary bilenok.

Bir pursaty görkezenok üç sagat,
Der dökmeseñ arzuw hasyl bolanok,
Men bularam bilýän.
Emma çagajyk,
Nämeüçindir bu zatlary bilenok.

Bolanynam bilýän äpet uruşyñ,
Uruş bolsa hiç pidasyz bolanok.
Men ýene-de, ep esli zat bilýärin,
Emma çaga bu zatlary bilenok.

Göwnüne degseler, aglaýar çaga,
Aglanyñda bolsa, kinäñ gutarýar.
Menem käte aglaýasym gelip dur.
Ýasym uly,
Aglamaga utanýan.

Bileniñ gowumy, bilmäniñ gowy,
Bu sowalda bir tarapa geçemok.
Ýöne çaga pessaý uçýar düýşünde.
A men weli, köpden bäri uçamok.

Onsoň çaga bolmak islap ugraýan,
Bu arzuwyñ — böwrüñdäki agyry.
…Çaga bizin geljegimiz diýýäris
Çaga biziñ geçmişimiz ahyry.

Gurbannazar EZIZOW


68

10

3

4

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Gunesh [off]
 23.02.2025 / 12:27

+0

Göwnüne degseler, aglaýar çaga,
Aglanyñda bolsa, kinäñ gutarýar.
Menem käte aglaýasym gelip dur.
Ýasym uly,
Aglamaga utanýan.

Edil şujagaz setirleri maňa düzlen ýaly


Betinden
Sebap [9s] (23.02.2025 / 22:36) 

Gunesh,

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 23.02.2025 / 16:53

+0

Goşgy LIKE welin "Gurrannazar" kimkä ?


Täzeje
Gunesh  (23.02.2025 / 16:55) 

Gerceknazar, Yalnyshandyr


Betinden
Sebap [9s] (23.02.2025 / 22:35) 

Gerceknazar, bagyşlaweri ýaňňyş ýazypdyryn


Gerekli
@menin_dunyam  (24.02.2025 / 00:50) 

Gerceknazar, ÿalñyşandyr agam

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 24.02.2025 / 00:50

+0

Ÿetirip dur


Betinden
Sebap [9s] (24.02.2025 / 05:35) 

@menin_dunyam,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика