Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Fantom : Парень — девушке: — Вы что, меня за дурачка держите? — Ага, только ты его никому больше не показывай.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arkaýyn bol ene jan
 Betinden
 Sebap [off]
 24.02.2025 / 06:48
 Lekum dinukum we liýe din

Wokzal. Bu ýerde hiç kim eglenmeýär. Her kim bir ugra ýolagçy. Menem enem bile Aşgabada barýan.
Bir burça gysylyp, enemiň goýup giden ýerinde durun. Enem kassaň agzyna ýetäýdi öýdýän, şaňňyldap sesi gelýär:
-Gyzymka, maňa iki bilit ber pylasmaska maguna. Özem mäkgiý bolsun. Biri ditskidir, gyzymka, ýanymda kiçijek malçyk bar.
Enem gara der bolup bilet alyp çykdy.
-Oçura dagy dursaň, bilit ýetjek däl. Şeýdip bezoçyr alaýmasaň.
Daşarda otla garaşyp durus. Wokzalyň ýokarsyndaky radiodan, düşüniksiz bir zatlar-a aýtdylar. Enem düşünipdir.
-Häk, nilazan, apazdal galjag-ow poýyzymyz.
Eneme göwünlik beresim gelýär, ýöne hiç zada düşünemok.
-Oglum, poýyz geldigi ylgap minip ýer bellegin kän durýan däldir byl yssansyýada.
Men baş atdym. Otly geldi. Güýjümde baryny edip ylgaýan. Enemem yzymda. Wagonyň agzy hümer, barar ýaly däl. Şonda-da, enemiň gepine galmajak bolup, adamlaň satanlarynyň arasyndan geçip diýen ýaly wagona girdim. Boş ýer gözläp, wagonyň içi bilen ýöräp barýan. Gulagyma ynanamok. Öňümden enemiň sesi gelýär:
-Bärleri zanyt, jan ogul, zanyt…
Bardym. Enem otyr dört ýerem saklap.
-Sen-ä ysnat ekeniň, oglum. Haýy giden garryça-da bolmadyň. Bu ýerleňem haýsyny halasaň saýla, beýlekilerini bereli ile. Şol wagt elleri çemodanly iki sany oglan geldi.
-Zanytmy, daýza, ýanyňyz?
-Ikisi-hä zanyt, ikisem boş, köşek.
Olaram ýanymyzda ýerleşdiler. Otlam ugrady. Birden wagon çaýkanyp gitdi.
-Wah, päliazan diýsäni, içendir myň şopury awulygyny. Hakyt otly çykyp gidäý-dä ýolundan. Gapdalyndaky yrolyny gönüläp ýetişmädik bolsa, awarýa bolýady hakyt.
Oglanlar gülüşdiler. Menen güldüm.
-Daýza, otly sürýäne şofýor diýlenok, maşynyst diýilýä.
Enem eňek bermedi:
-Tapawudy näme oň. Onsoňam ýaňky aýdanyňda “maşyn” diýen söz ba dämi?! Şopur bor-da onsoñ.
Oglanlar sesini çykarmadylar, ýylgyryp oňaýdylar. Okuwly oglanlaň enemden asgyn gelenine men az buýsanamok. Enemiň orsça gepleýşi, oturan ýerinden hemme zady bilip oturyşy depämi gök diredýä. Meňki ýaly ene obada başga hiç kimde ýok.
-Issudentmisiňiz, oglum?
-Hawa, daýza, selhozda okaýas.
-O näm bolýa, oglum?
-Oba hojalyk ugry…
Enem sözüni böldi.
-He-e, başlykçylyk diýsene.
Oglanlar ýene-de ýylgyryp oňaýdylar.
…Kimdir biri meni yralaýa. Gözümi açsam enem üstüme abanyp dur.
-Tur, köşegim, tur, ýetip gelýäs indi. Ganduktoryň prostynlaryny bereli.
Taksi duralgasynda durus. Uzak garaşmaly-ha bolmady. Boş taksi gelip deňimizde saklandy. Mündük.
-Şopur, bizi Kümüş daýzalara äkit!
Şofýoryň gözleri tegelendi.
-O Kümüş daýzaň adresi ýokmy, daýza?
-Adrysa ba, Kümüş daýzalaň, Hytrowka tarap sürüber, Gribaýede, durmaly ýerini aýdaryn.
Maşyn gündizlik ýaly ýap-ýagty köçeler bilen myçyp barýa.
-Ilki, oglum, Kümüş daýzalara baryp, bir käse çaý içeli, talkuçka soň gideris. Enemiň “plany” boýunça hereket edýäs. Kümüş daýzalardan çykyp, “talkuçka” barýas. Kümüş daýzalardan daşam däl eken. Enemiň “talkuçka” diýýäni bazar bolsa nätjek. Girdik “talkuçkaň” bir çetinden.
-Aşgabada gaýtjagymy eşidip, sargyt baryny etdiler, obaň galyň heleýlerem. Enem bazara aýlanyp “obaň galyň heleýleriniň sargydyny” bitirýä. Menem başyndaky bürenjeginiň eteginden ýapyşyp yzyna düşüp ýörin. Birdenem, nähili bolanyny özümem bilemok, enemden üzülip galypdyryn. Töweregime elek-çelek seredýän, göze ilenok. Eýläk-beýläk ylgaýan, hiç ýerde ýok, tapylanok. Başga alaç ýok, uly ilim bilen möňňürip başladym. Her kim üstüme sorag belgisini oklap, deňimden geçip gidýär. Biriniň haýpy gelen borly.
-Ýeri-how, inerçe näm bolýa saňa?
-Enemi ýitirdim.

Dowamy bar


77

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Şugün, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Şugün, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Şugün, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика