Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : "Aşk bazen iki beceriksizin işidir. Biri sevmez, diğeri unutamaz."

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arkaýyn bol ene jan 2
 Betinden
 Sebap [off]
 24.02.2025 / 06:49
 Lekum dinukum we liýe din

-Nirede?
-Bilemok.
-Nädip ýitirdiň?
-Bilemok.
-Eneň şumat nirde?
“Şony bilýän bolsam, seň gagyldyňy diňläp durjakmy şeýdip?”
-Bilemok.
-Hany, eneň daş keşbini aýt, bahym taparys ony.
-Kelteräk boýly…
-Hawa, onsoň?
-Bukulyp ýöreýä?
-Bukulyp?! Ýa bükülipmi?
-Hä, hawa, bükilip.
-Onsoň?
-Gözi içine çökülgi.
-Näme? Bükürmi?
-Ýok, çukur. Ýitirenime kän wagt boldy welin, eýýäm yzyna çykan bolmagam ahmal.
Duranlar gülüşdiler.
-Bu bolşuna oýnam eden bolýa bi.
“Nämäňize gülşen bolýaňyz diýsene! Meň günüme düşseňiz-ä, gülki ýadyňyza düşmezdi siziň, ýüregiňiz ýarylybam ölerdiňiz. Entegem men çydap durun.”
Şol wagt daşymy gallap duran adamlary böwsüp, bir oglanjyk geldi. Ýüzüni çyrşagy dagy näteňet! Ýalatsaň, ýüz güjük açlykdan halas boljak. Bir gözem gympa
-Eý, doşşan, sen azaşdyňmy-eý?
“Ýeri, seňki näme diýsene, gözüni bitaý terezi ýaly edip?!”
-Ýok, enemi ýitirdim.
-Ho taýda bir gaýýy daýza ogluny gözläp ýöý, şo bolaýmasyn seň eneň?
“Şodur! Hökman şol bolaýmaly!”
Men ony gujaklap, ogşasym geldi, ýöne ýüzüniň çyrşagy döşümden itekledi. Bir seretsem, ýaňky ýanymda ýok. Eýýäm nirä güm bolaýdyka bi? Görsem, enemiň öňüne düşüp gelýä ýaňky.
…Ýene-de wokzal. Ýene-de ýolagçy. Ýöne bu sapar öýe tarap. Oba ýetmäge howlugýan. Çaltrak oba barasym, oglanlara enemiň hemme zady bilýändigini, orsçanam zor gepleýändigini aýdyp, öwünesim gelýä. Meňki ýaly eneleriniň ýokdugyny aýdyp, heşelle kakasym gelýä.
Enem meni hut şu ýerde-de aňk etdi goýaýdy.
-Köşejigim, enem-ä öýden çyksa üýtgeýän ekeni diýäýme. Baran ýeriň howasyna görä geýinmeli bolýa. Şüpülle zamana şoňa bardy. Oba baramyzsoňam “enem eýtdi, enem beýtdi” diýip, aýdyp ýörmegin göreniňe. Bomy, köşejigim?
Içiňem bilip dur-aý bi.
Enem şeýdip, ýaňy al-asmana galyp, pel-pellemäge başlan arzuw guşumy tüpeňledi oturyberdi. Men juda kynlyk bilen ýuwdunyp, zordan jogap berdim.
-Bor, ene jan, arkaýyn bolaý! Hiç kim bilmez!
Çyn ýürekden söz berdim. Başga alajymam galmandy.
Ine, indi şol “agyr ýüki” ýüregimde göterip ýörin. Aýdasym gelýä, özümiň oglanlardan artykmaçlygymy görkezesim gelýä, öwünesim gelýä. Aýdyp bilemok. Alajym ýok. Men eneme söz berdim ahyryn.


Kakabaý ÇARYÝEW


80

7

0

3

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KESMEÝÄN GYLYÇ


hm, başyny okamda mango myka diýdim, emma töre han münbere çykyp okap bersede boljak ekeni....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Fantom (Şugün, 19:44)

Owadan yazuw basleșik


äý, menä häzir emeli aňa çekdirýän... ))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Fantom (Şugün, 19:01)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Berekella! anha goşgyň gowylygyny alan like bahalaň aýtýar. köpden bäri gabat gelmedim şunça like alana! üssünnikler!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Fantom (Şugün, 18:53)

Owadan yazuw basleșik


Ile menzesh yazuwmyzam yok gatnasayly diysek...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 18:01)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Sun yazan islendik eserini okanymda dalini dinlap oturan yaly duyyan ozumi....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Belki (Şugün, 16:42)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Minnetdar ýetireniňize....dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Pearl (Şugün, 16:15)

Oglanlara sorag


-GSM200- Sul ağza ynanyan dine 🙂...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Aixcam_nx (Şugün, 15:20)

Oglanlara sorag


Bar yone hich kime aytmajagmy ono soz berdim Syr ikimiziñ aramyzda öler diydim Bagyshlañ atlandyryp bilemyok...dowamy...
Umumy | Oglanlara sorag
Bayradot (Şugün, 15:08)

Owadan yazuw basleșik


basmaça my ýa ýazmaça tapawudy ýokmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Boniya (Şugün, 13:33)

Ýanymda otyr..


Mlds.Gowy goşgy ekeni.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýanymda otyr..
Sasiyona (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика