Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : verdigin sozlerin sahibi değilsin)

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bellidir.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 25.02.2025 / 07:24
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Çekme sen ruhy pesligi,
Her kime bermez mesligi.
Kimiň saňa çyn dostlugy,
Başyňa iş düşse bellidir.

Hemme zatdan ölüm gaty,
Herkime ýetdirmez jenneti.
Namardyň eden minneti,
Janyňdan geçse bellidir.

Ölmek hak,direlmek hakdyr,
Dogrydygna gümän ýokdyr.
Bagtsyzlyk agyr ýükdir,
Başyňa düşse bellidir.

Sadaka berseň uzar ýaşyň,
Sahy bolsaň köp deň-duşuň.
Ýagşy-ýaman eden işiň,
Kepeniň bişse bellidir.

Pulzuz bolsaň bilgin şuny,
Hasaba almazlar seni.
Şu dünýäniň agyr güni,
Başyňdan geçse bellidir.

Ykbalyňdan çekseň derdi,
Şükür etmeli ynsan merdi.
Tanajak bolsaň namardy,
Ýumuşyň düşse bellidir.

Ýigrendirer adam pisi,
Ölende tutulmaz ýasy.
Goramasaň ar-namysy,
Abraýyň gaçsa bellidir.

Bolmasa erkegiň erki,
Dogry bolmaz öýüň durky.
Myhman gelse eder gorky,
Naharda,aşda bellidir.

Edepsiz bolsa ogul-gyz,
Dünýäň sowuk,durmuşyň buz.
Arsyz ogul,namyszyz gyz,
Aýbyňy açsa bellidir.

Aýdar Hydyr keç ykbalym,
Saýgaramok ýörän ýolum.
Daşymdan ýagdaýym-halym,
Görseň durmuşda bellidir.

Hydyr Gylyjow.


87

10

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.02.2025 / 07:56

+0

Ýetirip duruň gaty gowy

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.02.2025 / 07:57

+0

Kimiň saňa çyn dostlugy,
Başyňa iş düşse bellidir.

Hakyky hiç kimi tanap bolonok iň ýakyn dostuňam saňa duşman bul wagt

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 25.02.2025 / 20:48

+0

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 26.02.2025 / 00:54

+0

Çekme sen ruhy pesligi,
Her kime bermez mesligi.
Kimiň saňa çyn dostlugy,
Başyňa iş düşse bellidir.

Bogun sany artyk gelÿăr. Iñ soñky setirde

Hemme zatdan ölüm gaty,
Herkime ýetdirmez jenneti.
Namardyň eden minneti,
Janyňdan geçse bellidir.

Bu bentde hem şeÿle. 2nji setir. Okanda sāgindirÿăr.

Edepsiz bolsa ogul-gyz,
Dünýäň sowuk,durmuşyň buz.
Arsyz ogul,namyszyz gyz,
Aýbyňy açsa bellidir.

Bu bentde bolsa harp ÿalñyşlary bar.

Goşgy gowy. Űstinlik hemrañ bolsyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика