Ýürekdeş sözler!
YekeMen : _Ozumcxe bary yiogy sylamo_
Boş gitmesin.
Özümiziňki Fantom [off] 25.02.2025 / 16:49 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Ynsan ogly dünýä gelip,
Gury gelip,boş gitmesin.
Agtyk söýüp,çowluk görüp,
Ömür sürsin,ýaş gitmesin.
Ýaşasyn at-abraý alyp,
Boş gitmesin dünýä gelip.
Arak içip serhoş bolup,
Din-imandan ,daş gitmesin.
Maslahat al,köp bilenden.
Alymdan,ylym alandan.
Diliň çek,gybat ýalandan,
Şeýtan senden,hoş gitmesin.
Rysgalyň Alladan gelse ,
Ykbal ýöräp,bagtyň gülse.
Her kim saňa dileg salsa,
Hiç gapyňdan,boş gitmesin.
Her namarda işiň düşüp,
Kiçelmegin,çenden aşyp.
Ynsan ogly derde duşup,
Akyl ýitip,huş gitmesin.
Aýdar Hydyr çekdim arman,
Ýaşadym ýagtylyk görmän.
Toýum tutup,durmuş gurman,
Beýdip ömrüm,boş gitmesin.
Hydyr Gylyjow.
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [1s] 25.02.2025 / 20:44+0Gowy gosgy ekeni
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk