Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Akylly adam özgäniň kemçiligini görüp, öz kemçiligini düzeder.#Ali

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen hakda şygyr ýazdym....
 Betinden
 Sebap [off]
 25.02.2025 / 18:35
 Lekum dinukum we liýe din

Sen hakda şygyr ýazdym,
Üýtgedi gijäň reňki.
Sen hakda şygyr ýazdym,
Gymyldady garaňky.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Yşgyň bile awunyp.
Seret gögüň ýüzüni,
Terk edipdir mawylyk.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Galam ýasap polatdan.
Çagbasyn tama etmen,
Garny suwly bulutlaň.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Ähdi bozan baýnamaz.
Indi oýunçy dünýä,
Meniň bilen oýnamaz.

Sen hakda şygyr ýazdym,
Ynan goýbersem-de köst.
Meniň saňa yşgymdan,
Gaýrysy ýalandyr dost.

BU ŞEÝLE

Öz diýeniň, öz goýanyň Biribar,
Erk-ygtyýar seň emriňde görnetin.
Bu şeýle bolmadyk bolsady meger,
Iň bolman bir gezek meňem,
Diýenim bordy ahbetin.

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA


84

10

1

5

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 25.02.2025 / 23:22

+0

Şăhribossanyñ gouja goşgylary bar


Betinden
Sebap  (25.02.2025 / 23:26) 

@menin_dunyam, Howwa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика