Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : ,,Owadan sabyrňyzdan soň elbetde gözel bagt beriler..." bu Allanyň wadasydyr!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Eÿ őmir!!!
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
 26.02.2025 / 00:33
 Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM

Eÿ őmir. Niră gyssanÿañ,
Kastyñ barmy soñlanmadyk gűnimde?!
Năme sebăp boldy beÿle gyssanmañ,
Gőrilmedik jepam bara őñimde.

El uzadanlarym salgyma dőndi,
Hamala mătăçdeÿ ÿeke şolara.
Wysaly bolmadyk arzuwym kăndi,
Hakyñ ÿokdy a:hyn baryn alara.

Ÿazygym ne, kiçilikden ulaldym,
Egnime okladyñ gussañ ÿűkűni.
Gűnăm bolsa ÿalñyşlarmy bilerdim,
Sowan gőwnim bugűn senden őÿkeli.

Eÿ őmir, niră gyssanÿañ,
Şatlygyñ lezzetini berjekdălmi sen?!
Edilmedik gűnălemden utanÿan,
Bir gideñsoñ yza geljekdălmi sen?!

Perman HALGYLYJOW


79

12

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Gunesh [off]
 26.02.2025 / 00:39

+1

????✨

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 26.02.2025 / 00:45

+1

Üstünlik hemraň bolup, galamyň ýiti bolsun agam


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 00:46) 

Sebap, sagbol jigim


Gytyndan
Sebap  (26.02.2025 / 00:46) 

@menin_dunyam,

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 26.02.2025 / 00:45

+0

Gowy bolupdyr ýetirip dur


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 00:46) 

Sebap, minnetdar


Gytyndan
Sebap  (26.02.2025 / 00:46) 

@menin_dunyam,

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 26.02.2025 / 00:56

+0

Permanjan näme bolýar saňa aralarda gowurakdyň welin ownap başlapsyň gaty görseňem ýaman görseňem aýdaýyn. Gül ýaly gowy diýip seni zäherlåp bilýänem welin tebigatym beýle däl. Dost ýüzüňe duşman yzyňdan aydar. Indi birsellem ýazmaňy goý özüňe dem ber başgarak kitaplary okap gör, başgarak adamlar bilen söhbetdeşlik et diýjek bolýanym haýsyda bir zatda özüňe bir dereje belle şondan beýgelseň beýgel welin düşmejek bol. Üstünlik galamyň ýiti bolsun!


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 00:59) 

Hyyalbent, năme sebăpden diÿdiñ


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:03) 

@menin_dunyam, Bu goşgyňdada beýleki goşgyňdada adaty zatlary aýdýan ýada hemmäniň aýdyp biläýjek dilinde aýtýan Goşgy Aňyň kiçiräk açyşydyr. Öň açylmadyk zadam açyş hasaplanýar. Şonuň üçin täze tapyndylar, metaforalar, harplar bilen surat çekmek bolýarmy şeýleräk bir zatlar bilen setirlerňi bezeseň has gowy bolarmyka diyyan menä bu şahsy pikrim. Ylham gelýändirem welin ony nädip okyja ýetirmek Awtoryň ussatlygna bagly


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 01:03) 

Hyyalbent, men dereje űçin ÿada beÿgelmek űçin goşgy ÿazamok. Ÿazÿandyrlar başkalar. Men bolsa umumy őz dűnÿămde bolup geçÿăn zatlary gőz őñimde tutÿan. Seniñ ne sebăpden beÿle diÿeniñ-ă bilmedim weli başgalañ gőwnine ÿaran zat bir adamyñ gőwnine ÿaramaz bolup gőrindimi?! Gőwne ÿaranmaklyk űçin hem goşgy dőretmeÿăn.


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 01:07) 

Hyyalbent, edil çylşyrymly dil bilenem ÿazyp bilÿăn. Kőne ulanyşdan galan sőzleride ulanyp bilÿăn emma okyjy űçin has agyr gelÿă. Her kim edebiÿatçy dăl.

Őñ açylmadyk zat açyş hasaplananok. Açyş hasaplanÿan bolanda goşgy ÿazmak nămă gerek?!

Esasanda sada dilde ÿazylsa okyjy űçin hasam amatly bolÿa őÿtÿăn.


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:10) 

@menin_dunyam, Bu seniň pikriňdir belkiýene bir zady ýatdan çykarma her kim düşünjesiniň ýetýän ýerine çenli ýada gözüniň ýetýän ýerine çenli görýändir şonuň üçin başgalar üçin gowy bolmagy mümkin görýän ýerleri şol ýere çenli ondan aňyrsyny görenoklar. Öz içiňdäkini aýdýansyň ýöne şony islendik şekilde okyja ýetirip bolýar. Özüň bilýäň gardaşym meniňkä aýtmak galany saňa bagly başda aýdyşym yaly şahsy pikrim. Nahar diýip orta goýulandan soň herkimiň nahar barada pikri bolşy ýaly Goşgy d


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 01:14) 

Hyyalbent, arkain aÿdyp bilÿăñ. Dűşinÿăn men tankyda ÿapyk dăl. Her kimem teswir ÿazyp kemçilikleri aÿdyp bilÿă. Islendik kemçiligi aÿtsalar őzime kemlik saÿyp ÿalñyşmajak bolup gezÿăn. Aÿdanlaryña minnetdar. Gaty gőrerlik zat ÿok.


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:15) 

@menin_dunyam, Sada dildede has başgaçarak şekilde ýazyp bolýar oňa hökman köne sözler gerek däl esasy içiňde başgaçarak ýazmak niýet bolmaly. Bolmasa şol bir zady başga bir satyjy satyp duran ýaly gelýär maňaha şeýle başgalara bilmedim.


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 01:18) 

Hyyalbent, gabat gelÿăn zat kőpdir. Meñzeşlikler tőtănleÿin hem bolup bilÿăr. Başgaçarak hem ÿazylan goşgylarym kăn. Belki olar saña őñdenem tanyşdyr. Ai bolia. Aÿdanlarña minnetdar.


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:19) 

@menin_dunyam, Dogry düşüneniň üçin minnetdar olam bir mertlik Üstünlik!


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:20) 

@menin_dunyam, Dogry düşüneniň üçin minnetdar olam bir mertlik Üstünlik!


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:20) 

@menin_dunyam, Dogry düşüneniň üçin minnetdar olam bir mertlik Üstünlik!


Özümiziňki
Hyyalbent  (26.02.2025 / 01:21) 

@menin_dunyam, Dogry düşüneniň üçin minnetdar olam bir mertlik Üstünlik!


Gerekli
@menin_dunyam  (26.02.2025 / 01:21) 

Hyyalbent,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)

Ýalňyş yşk-my?


Kopculikde emiship mekdepcileň kellesini bulashdyrma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Bentner (Şugün, 07:20)

Muny Bilmek Gyzykly !


phaha...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
rexha (Şugün, 02:03)

Ýalňyş yşk-my?


At-familiýa?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Pegas (Düýn, 23:57)

Ak stil............


Oz nickinde yazsana shuny...dowamy...
Umumy | Ak stil............
rexha (Düýn, 23:52)

Ak stil............


Doglan günüňmi şu gün?...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Sebap (Düýn, 22:40)

Ak stil............


Yzym ýarasyn- toba saglykmy?...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Sebap (Düýn, 22:39)

Ýalňyş yşk-my?


Ýetirip dur goşgyň gowy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Sebap (Düýn, 22:38)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика