Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Bir gün hayatın tüm güzelliklerinden vazgeçip sessiz sedasız ölüme gitmek istersen yanıma gel de sana sensiz olmanın ölüm olduğunu göstereyim.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýat iller, ýaman iller
 Betinden
 Sebap [off]
 26.02.2025 / 23:02
 Lekum dinukum we liýe din

Gadym zamanlarda bir gyzy ýat illere satypdyrlar. Õz ýaýlasyndan aglap giden buýsançly çarwa gyzynyñ ýüregi alty ganat ak õýe sygmandyr. Ol oba-da sygmandyr, ýer bilen gõgüñ arasyna-da sygmandyr. Munuñ üstesine-de, oña keseden dil ýetip durupdyr. Gaty ýõrese-de gülüpdirler, çala ýõrese-de gülüpdirler. Otursa oturşyna at dakypdyrlar, gaýma gaýasa keşdesine at dakypdyrlar. Muña çydamadyk şahyr ýüregi gõr-bak, näme diýipdir:

Gaty ýõresem,
-Ýorga- diýdi.
Haýal ýõresem,
-Yrga-diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Gõzüm süzsem,
-Süzgek- diýdi.
Kekire ýaly
Gõm-gõk diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Saçymy çõzsem,
-Urgan- diýdi.
Oturanja bir
Harman-diýdi
Ýat iller, ýaman iller.

Çala ýylgyrsam,
-Gülýäñ — diýdi.
Nirede señ
haýañ- diýdi.
Ýat iller, ýaman iller.

Ýuwaş hiñlensem
-Toba- diýdi.
Telekdir bilseñ
Däbe — diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Dost boljakdym,
Setir bilen.
Ýandym-la, ýandym
Kesir bilen,
Ah, ýat iller, ýaman iller….

Baýram JÜTDIÝEW


70

10

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 08.03.2025 / 18:04

+0

Äý, bunuň üçin daşa gidip oturasy ýokla. Sähel barly adamlaryň elindäki barsyz gelinleriňem kösenýänlerini görmek mümkin şu wagydam. Ýaňkyda, pahyrlar öýlerine gaýytsa o boljokdäl, gelnejeleri we şm. sygdyranoklar, ga

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 08.03.2025 / 18:07

+0

"Dost boljakdym,
Setir bilen."

"Ýandym-la, ýandym
Kesir bilen."

Şuny tesfirläp, ýäni düşindirip beräýseňiz agzalar!

 Täzeje
 Aprel [off]
 09.03.2025 / 23:18

+0

Nirde bolsaň bolay daźe gapdalyňda ýürekdesin bolsada oz doglan onup osen yerinden uzakda bolmak islemeyaň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Şugün, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика