Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Unuttum demiştin ama unuttum demek bile bazen hatırlamaktır bunu hiç bir zaman unutma.
8-nji mart – Halkara zenanlar güni
Premium
BAYOGUL [on] 08.03.2025 / 16:47
Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkudyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär.
Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine goldawlara mynasyp bolmaly diýen düşünje bolýar. Ol 1857-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Ýorkda zenanlaryň köpçülikleýin ýöriş etmeklerine sebäp bolýar. 1908-nji ýylda bu ýagdaý ýene gaýtalanýar.
Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910—njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda kabul edilýär. Soňra bu gün ähli amerikan zenanlary üçin baýramçylyga öwrülýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada geçirilýär. Russiýada 1913-nji ýylda ilkinji gezek geçirilýär.
8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soňra hasda pugtalanýar.
1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri BMG-de “Halkara zenanlar güni” bellenilip geçilýär.
Zenanlaryň we gelin-gyzlaryň hormatyna bagyşlanan bu baýramçylyk Ýaponiýada “Gyzlaryň baýramy” ady bilen bellenilýär. Hindistanda bu baýramçylyk oktýabr aýynyň başynda bellenilip, 10 gün dowam edýär. Serbiýada hem “eneler güni” ady bilen geçirilýän baýram täze ýylyň öňüsyrasynda bellenilýär. Hytaý adatlary esasynda şol gün zenanlar dynç alýarlar. Ähli işleri bolsa öýüň erkekleri ýerine ýetirýär we agşamlyk nahary hökmünde “kädi wepadarlygy” atly sowgady taýynlaýarlar.
Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Meniň öýüm Daşoguzda...
Her setire siñmiş obanyň ysy, Duýulýar okañda, hakyky söýgi. Özüne çekiji goşgy bolupdyr, her bendi ýüregiñe barýar. Gowy ÿazylypdyr, üstünli...
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Oba ýere höweslidim. Näme hyzmat bolsa, ederdim. Sebäbi hakyky sada, adam ýaly adamlar obada ýaşaýarlar. Şähere gelýän obalylar soň üýtgeýärler....
dowamy...Meniň öýüm Daşoguzda...
Tüweleme. " Şu zatlara razy bolsaň ine men"-i sypaýyçylyk bilen ýetiripsiň. Söýgisi üçin göreşýän gyzlar düşünerle bu zatlara...
dowamy...
Ýokaryk