Ýürekdeş sözler!
Admin : Ömür özüňi döretmegiň pursadydyr.
Azatlykdaky tussag
Täzeje IkinjiTarap [off] 09.03.2025 / 13:38
Azatlykdaky tussag.
...diýýärler-ä: "Garaňkylykdan soň ýagtylyk bardyr" diýip. Ýöne bize garaňkylygyň soňunyň nirededigini ýa-da ýagtylyk garaňkylygyň niresindedigini aýtmandyrlar. Ynsan ogly kabullanyjy. Belki biz ýagtylyga ýetýänçäk garaňkylygy kabul ederis. Oňa öwrenişeris, syrdaş bolarys. Munça syrlar paýlaşylandan soň ýagtlygyň geregi bolarmyka, kim bilýär? Ol bilýär, hatda şondan gowy bilýänem ýokdur.
—Tussag.
—Him-diýip tussag kiçijik äpişgä seretdi.
—Men geldim.
—Hoş geldiň dostum—diýip ýeri sermäp başlady. Kiçijek daş bölegini tapyp diwara "Garaňkylyk meniň dostum" diýip ýazdy-da:
—Dost, sen haçan maňa görünjek?—diýdi.
—Men maddy zat däl. Şonuň üçinem sen meni görüp bilmersin.Men diňe seniň hyýalyňda. Sen ýalňyzlykdan, özüňden gaçyp maňa geldiň. Hatda adyňam unutdyň.
—Meň adym... Özüň bilýäň-ä maňa bärde tussag diýýärler, şeýle diýseler has gowy. Adymy tutmasynlar, gerek däl.
Hawa, onuň ady tutulanok, tutulmagynam islänok. "Täze ady" oňa has ýakymly eşidilýär. Ençe ýyl bäri etmişiniň jezasyny sowuk diwarlaryň arasynda, tussaglykda geçirýän ynsan üçin garaňkylykdan başga dost bolmasa gerek. İndi ol ýagtylygy nätsin. Garaňkylyk onuň ähli syrlaryndan, içgysma zerarly diwarlara çekýän düşnüksiz suratlaryndan, ýürek gysmalaryndan habarly ahyry. Tussaglyk oňa daş dünýäden daşlaşyp özi bilen hasaplaşmagyň pursadyny berdi. Dört diwaryň arasynda rahatdy, ýalňyşlary barada pikirlenip, öz-özi bilen ýüzleşýärdi. Hiç bolmanda bir jeza berildi oňa. Garaňkylygyň içinde jezasyny çekýänligi üçin wyždany rahatdy. Garaňkylyk bilen gürleşmek, hatda bir âdim öňe gidip, onuň bilen dostlaşmak ynsana nä derejede ýagtylygy küýsedip biler. Belki hiç küýsetmez, sebäbi indi ol düýşlerinde-de ýagtylyga çykanyny däl-de, demir penjiräniň aňyrsyndan görünýän bir gysym asmany görýärdi. Onuň düýşide, huşuda bir, tapawutsyzdy.
—Men gözlerim garaňkylyga öwrenişdi.
—Bilýän, ynsanlar menden gorkýarlar. Göýä ýagtylyk melekleriňki, garaňkylyk bolsa şeýtanlaryňky. Aslynda bolsa bu zatlar dünýäniň gurluşy. Ýöne ynsan ogly muny kabul edenok. Asmany garaňkylyk gaplanda öýlerine girip uka gidýärler. Göýä meni görmek islänokmyşlar, emma olaryň käbileri ýüregindäki bet pygyllaryny meniň şaýatlygymda amala aşyrýarlar. Özleri meni hapalap, soňam meni hapalanmakda aýyplaýarlar. Gülkünç. Olar garaňkyda özlerini hiç kim görenokdyr öýdýarler, ilden gizlenýärler. Ýöne olary bu dünýäni Ýaradan görüp dur. Menem şaýat bolup durun. Olar, diňe bir dünýäniň özi däl, ähli älem-jahan Ýaradanyň mülkidigini bilenoklar. Belki bilýändirler. Unudan bolmaklary gaty âhtimal. Näme-de bolsa ynsan ogly özüne peýdasy bolmadyk zady unutmagy gowy görýär ahyry.
—Men senden gorkamok. Gaýtam sen maňa höwür bolduň.
—Sen ýagtylyga çykmak isläňokmy?
—Menmi? İslegmi? Bilemok.
Ol bilýärdi, ýöne öz isleginden gorkdy. Çünki ýagtylyga çykmak islänokdy. Belki indi ýagtylyk onuň gözüni gamaşdyrar. Şeýle-de boldy.
Şakyrdap açylan demir gapynyň aňyrsyndan gözüne düşen azatlyk yşyklary gözüni açmaga ýol bermedi. Ine garaňkylykdan soňky ýagtylykdy bu. Gapy açylanyndan soň düşen nurly gün yşyklary garaňkylygy yza serpip goýberdi. Tussag töweregine seredip garaňkylygy gözläp başlady. Diwarlary elledi, boş howany sermedi. Ýöne ýok.
—Tussag!
Gapa seretmek üçin elini gözlerine kölege etdi.
—Tussag, seniň möhletiň doldy. Azat edildiň.
Gam gaplady ýüzüni. Edilen etmişiň puşmanlygy edil ilkinji gündäki ýaly yzyna geldi. Wyždany ençe ýyllardan bâri gapynyň aňyrsynda garaşyp duran ýaly, şobada içeri girdi göýä. Siz wyždanyň dem alyşyny bilýäňizmi? Ol bilýär. Edil şol wagt bildi. Gursagyna bir zat girdi, ýüregini ele geçirdi. Wyždany edil ýeňsesinde uludan dem alýardy.
—Meniň demimi duýýaňmy gadyrdan?
—Sen kim?
—Men seniň wyždanyň. Saňa sendenem ýakyn.
—Sen şu wagta çenli ýokduň ahyry.
—Men bardym, hemişe ýanyňdadym. Ýöne sen garaňkylykda meniň sesimi eşitmediň. Jezaňy çekýänligiň üçin rahatdyň, bagtlydyň. Bu gün bolsa uzak wagtdan soň ilkinji gezek ýagtylyk bilen ýüzleşýärsiň.
—Sen menden näme isleýäň? Men jezamy çekdim ahyry. Meni günüme goý, men indi azat.
—Käbir ruhlar azat bolmaga mynasyp däldir.
Ol öz wyždany bilen ýüzleşdi. Eýýäm belli, ony öz wyždany gününe goýmajagy ikuçsyz. İndi garaňkylykdaky tussaglyk gutaryp, ýagtylygyň içindäki azatlyk diwarlarynyň arasyna girmelidi. Özüni dünýäniň içine tussag etmelidi. Bu bolsa onuň ençeme ýyllardan bäri gorkup ýören ýagdaýy, ahyry başyna geldi. Ol indi azatlykdaky tussagdy.
Azatlyk azat bolmak islemeýan adama bir jezadyr aslynda. Belki ylahy adalat diýilýäni şu bolsa gerek.
Dünýäniň kanunlary jezaňy dört diwaryň arasynda berer. Seni azatlykdan mahrum eder. Belki aklawjylaryň kömegi bilen azat hem bolup bilersiň. Ýöne ylahy adalatyň kanuny beýlemi? Däl!
Dünýä—kazyýet. Onda ýekeje kazy bardyr, olam wyždanyň. Garalawjyň—etmişiň. Ol kazyýete etmişi indi belli bolmalylar däl-de etmişiniň jezasyny çekmeliler barar. Delilleriň anykdyr. Hökümiň belli. Seni azatlykdan mahrum etmez, tersine seni ýaşaýyşa tussag eder. Seni jezaňy çekmeklik bilen rahatlatmaz, jezasyz azap berer saňa. Belki jezaňy öz elleriň bilen berersiň. Iň esasysy bolsa ol kazyýetde aklawjy ýokdur. Sebäbi etmişiň eýýäm subut edilendir. Özüň subut edensiň. Ylahy adalat—seni wyždanyň jogapkärçilige çekmegidir.
Demir gapynyň şakyrdap ýapylan sesi däliziň ugrunda ýaňlanyp gitdi. Şol wagt beýnisiniň içinden geçip gelýän ses:
—Yzyňa dolan, häziriň özünde dolan yzyňa —diýip seslendi.
—Men, men...indi
Sessizlik aralaşdy. Ol garaňkylykdan gitmek islemedi. Emma ýagtylyk ony ymykly gujaklapdy. Tussag demir derwezeden daşary çykdy we soňsyz bir guýa giden ýaly boşlugyň içine düşdi.
Aýsapar Emelowa
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [1s] Aldamak aňsat biz ýaly sadalary 09.03.2025 / 16:41+1Gyzykly eken
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 09.03.2025 / 17:47+0Gyzykly
Täzeje Prinsesa [off] никому не доверяю 09.03.2025 / 23:19+0yetirip durun
Soňky teswirler
Ýokaryk