Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Relax : ,,Dymmak danalyk..." diýýärsiñ, onda lallaryñ gepläsi gelmegi akmaklykmy?!...#setdars

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÝARAJAK BOL!
 Gytyndan
 Sebap [off]
 19.03.2025 / 09:55
 Lekum dinukum we liýe din

Bu gün çykdym dag gerşine,
Ornaşdym çeşme başyna.
Ylham, gel, goşul joşuma,
Bir goşgy-şygar ýazjak bol!

Ondan-mundan, danalardan,
Gulagmyzda galanlardan,
Biz dek ýazjak bolýanlardan,
Belki ýardam, ser saljak bol!

Kelpeň ýazsa, ýazmasa-da,
Şahyr çykmaz, ýatmasa-da.
Bolaýmak başartmasa-da,
Ýaz, Berdinazar boljak bol!

Dag howasy göwnüň açar,
Yşkyň joşar, kelle göçer.
Dag adamy saýlap- seçer,
Asgyn bolma, zor boljak bol!

Ýel güýji goparyşynda,
Sil güýji opuryşynda.
Adam işe garaýşynda,
Işle, gara der boljak bol!

Alamatdyr danalykdan,
Gaçma edep — haýalykdan.
Diýlen: Kyrk ýyl maýalykdan,
Bir ýyl bolsun, ner boljak bol!

Deňsiz bilen bolmagyn deň,
Çaknyşsaňda bermegin ýeň.
Gözleýäne dawadyr, jeň,
Gyzman, sowuk gar boljak bol!

Bilip goý, dälsiň perişde,
Ýedi ölçäp soň kes işde.
Yhlasyň bolsa behişte,
Haktagala ýar boljak bol!

Geldimyrat böwrüň diňle,
Kän gürleme, pikriň jemle.
Garaz, şeýle, soňky jümle –
Sölpi bolma, är boljak bol!
Il derdine ýarajak bol!

Geldimyrat Seýidow


48

6

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Perişde


Şirnazar agamyz başga urowenda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Perişde
Daniel (Şugün, 00:10)

ÝER BERIŇ SOPULAŇ MEÝHANASYNDAN...


Awtor hakynda aýdaýsaň Fantom Köp häzirki awtorlary tanamok...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ÝER BERIŇ SOPULAŇ MEÝHANASYNDAN...
Daniel (Şugün, 00:09)

Perişde


Baýbou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Perişde
Daniel (Şugün, 00:07)

Hemme agzalara degisli


Indiki masgarachylyk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
OLiNKa (Düýn, 23:49)

Hemme agzalara degisli


Duyn gelip barik hojayyn boljak bolma başarmayañ! Biri sowuşse nm bolya dp soralya diyan, ynanay sen gyrlyşyp yatsanam gram bildirenok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Yekejee (Düýn, 23:00)

Hemme agzalara degisli


Geleniň duyn wn naman gurrunini etyan İlki ozini onarmaly onson at dak eylekilere ozin hamana soyuşmeyan yaly, manyly mowzuklar acyan yaly. Boş m...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Yekejee (Düýn, 22:59)

Hemme agzalara degisli


Seň özüň onda näme üçin şahsyda edilmeli gürrüňleriňi pikirlerde edýäň? Merdan Geldiýewmi, nämemi, şoň bilen gürrüňleriňi? Bolmajyn bolýaňyz-a ik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Pegas (Düýn, 22:47)

Hemme agzalara degisli


Intek name goryan sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Bezzat (Düýn, 21:49)

Hemme agzalara degisli


Bah gaty kan wagt bolupdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hemme agzalara degisli
Bezzat (Düýn, 21:49)

Uefa 2/1 final oýny Prognozny


Arsenal 2: 3 psj barselona 2:3 inter...dowamy...
Sport älemi | Uefa 2/1 final oýny Prognozny
Bylk (Düýn, 20:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика