Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gaty ökinýan gymmat wagtymy arzan adamLara sarp edenim üçin

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

AÝDYLMADYK SÖZ.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 25.03.2025 / 01:35
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Aramyzda aýdylmadyk söz galdy,
Näzijek göwnüňe degmejek bolup!
Geçmişimden tozap ýatan düz galdy,
Bagtly günlerimi eglejek bolup.

Gülüşsek-de göwni hoşlap, hezil edip,
Söýgä el gysmadyk wada, lebiz edip.
Kän ýalan sözledim çyna meňzedip,
Sensizlige boýun egmejek bolup.

Tarapdary däldik hötjet, gedemiň,
Garaşypsyň sözme, saklap edebiň.
Ýöne ters bolupdyr ähli edenim
Iki tarapyny deňlejek bolup.

Özgä-de bialaç giden ekeniň,
(Men bir dilsiz dogan beden ekenim).
Wah, senem-ä bagtsyz eden ekenim,
Söýgimi älemden gizlejek bolup.

Maksatmyrat REJEPMYRADOW.


88

8

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.03.2025 / 08:04

+0

sen goşgulary nirden okaýaň?


Özümiziňki
Fantom  (25.03.2025 / 08:17) 

Sebap, Edil şuna öwrenmeliden aldym.
Indi seret: islenen, kitapçy, öwrenmeli, hemde şu saýyt. Aslynda başgada gowy saýtlar kän, emma meň seslendirijim olaryň köpisini okap bilenok. äý, uzok gidip oturmaly, inha şu saýdyň telefon "apka" programmasyny okap bilenok, şonuň üçin saýtdan girýän.
Şu talyplarama öwýäler oňada girip görjek basym.


Betinden
Sebap  (25.03.2025 / 08:33) 

Fantom, ha bolýa düşündim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика