Ýürekdeş sözler!
King-official : Tek isteğim seni bir ömür boyu sevmek
Şükrüm bardyr heý
Gytyndan Sebap [off] 25.03.2025 / 08:02 Lekum dinukum we liýe din
Ýa, ýaradan Allam, müňde bir gezek,
Ýokdan-bar edenňe şükrüm bardyr heý.
Jümle-jahan ýokdur, göze ilmezek,
Nazar saldyň, ykbalyma ýardyr heý.
Dünýä geldim, ýagty jahan ýarady,
Akyl-huşum munda, bähbit arady,
Ters täleýden Allaň özi gorady,
Ýene sahawata, bendäň zardyr heý.
Munda bar zat, görüp-duýup, bilenim,
Çensiz-çaksyz, sansyz, munuň bilenem,
Barça boýun dirilerem, ölenem,
Aklym çatmaz, gözýetimim dardyr heý.
Janym şirin, diýseň datly bu dünýä,
Garaňkydyr ölüm, gorkunç görünýä,
Jennetiňdir bize ýalkaw o dünýä,
Ät galdyryp, damak etme, dadyr heý.
Ömrüme bagt, o dünýäde iman ber,
Isleglerim mümkin eýle elýeter,
Nalyşymy eşdip, rehim edewer,
Umytly gul, garyp göwnüm şadyr heý.
Azdyrmawer, abraýymdan aýyrma,
Işlem rowaç eýle, sogap haýyrma,
Günälerim ýeňlet, gargyşa garma,
Dowzah otda, kapyr ähli hardyr heý.
Illi aýdar, at ýitiren bolmaýyn,
Pederleriň ýüzün ýere salmaýyn,
Geljek nesliň näletine galmaýyn,
Kalbym içre namysymdyr, ardyr heý
Ilmämmet Allagulyýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk