Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : ,,Owadan sabyrňyzdan soň elbetde gözel bagt beriler..." bu Allanyň wadasydyr!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Duşdum
 Gytyndan
 Sebap [off]
 25.03.2025 / 08:08
 Lekum dinukum we liýe din

Syrym aýtsam, dost-dogan, il,
Öňki söýen, ýara duşdum.
Ýazgyn maňlaý, dodagy gül,
Alkymy ak gara duşdum.

Görenler owadanlygyn,
Inkär eder «adamlygyn»,
Lezzetinden dadanlygym,
Alma ýaňak, nara duşdum.

Hüýr görküniň biri saçdyr,
Alçak göwni uçar guşdur.
Gyz edebi, akyl-huşdur,
Wepa jähtde, ara duşdum.

Taryhda ýokdur döreýşi,
Müň gyza deger ýöreýşi,
Inçe bili – dutar kirşi,
Hiňlendirýän tara duşdum.

Gülen wagty süzüp gözün,
Ap-ak dişler bildir özün,
Öwürende aý dek ýüzün,
Tümlükde mydara duşdum.

Goşar küýsetmez bilezik,
Barmak bezär tylla ýüzük,
Bir eýýämden tamam üzük,
Indi, umydara duşdum.

Dolmaç akdyr, injik topuk,
Ýaka çenli syna ýapyk,
Ýapy-ýumry, çigin-çapyk,
Ýyly tenli, gora duşdum.

Ençe ýyldyr, ýar gideni,
Oda atyp, munda meni,
Bir öldürip, bar edeni,
Direlden, gandara duşdum.

Kyrkdan agdy meniň ýaşym,
Köp külpeti gördi başym,
Geňläbersin degre-daşym,
Döwran dönse, «bora» duşdum.

Ýylgyrjaklap ýakynlaşdy,
Başyn atyp salamlaşdy,
Ýakyn ara ýürek joşdy,
Ömür boýy, zara duşdum.

Umytlarym sowrup ýele,
Kellämde ala zenzele,
Biz bir meýdan durduk bile,
Ýiten ady-sora duşdum.

Kim-kimden göwni galypdyr,
Ýaşlygym ýada salyp dur,
Görsene, ene bolupdyr,
Ah, kinesi bara duşdum.

Dikanlap bakdy ýüzüme,
Zordan erk etdim özüme,
Hal-ahwal soran sözüme,
Gadry gaçan «hara» duşdum.

Ine-gana oturaly,
Baryn seljerip göreli,
Diýdim: «Gel, pynhan ýöreli»,
Dili duzly, şora duşdum.

Diýdi: «Saňa haýran, men-ä,
Bir niýetiň bar eken-ä?!»,
(Eýsem biz ýekme-ýek nä?!)
Diýdim: «Men, näziň çeken-ä»,
Ýürek intizara duşdum.

Hyjuwlarma tap getirmän,
Golun tutdum wagt ýitirmän.
Soňuna akyl ýetirmän,
Barysy owarra duşdum.

Gysmyljyrap, gujak ýaýdy,
Gursagyma başyn goýdy,
Mähriban ol, meni çoýdy,
Heser-howandara, duşdum.

Ýüz-gözünden posa aldym,
Inçe bile golum saldym,
«Uçmaha» düşüp aýňaldym,
Diýdi: Illim…, zora duşdum.

Ilmämmet Allagulyýew


43

4

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Şugün, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Şugün, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика