Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ýürek deňiz, dil gyraydyr. Deňizde näme bar bolsa, gyrasynada şol urar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Rehim et
 Betinden
 Sebap [off]
 25.03.2025 / 08:13
 Lekum dinukum we liýe din

Sandyrap, gagşaýan aýtjak bolamda,
Günüm bolup dog-da, maňa rehim et!
Görden zarym çykar, aýtman ölemde,
Ur, käýe, sög, bog-da maňa rehim et!

Kalbyňa bal bolup batyp bilmedim,
Çenedim, nyşanlap atyp bilmedim,
Çekindim aýtmaga, ýatyp bilmedim,
Eräp-joşup, çog-da maňa rehim et!

Özüçe ýaşaýar, düşünip her kim,
Yşkyňdan örän berk guruldy ýüküm,
Teşneläp azaşsam, çykmasa çakym,
Çeşme bolup, dagda maňa rehim et!

Ençe synanyşdym, kakdyryp diýdim,
Başarman utandym, örtenip köýdüm,
Men ekin, sen suwum, bardyr böwediň,
Şol böwetden ag-da maňa rehim et!

Islärin bagtyňy, gülüp gezmegiň,
Ýüzüň çytmazlygyň, gaşyň ýazmagyň,
Nämä durýar, meň halyma dözmegiň,
Gahryň gelen çagda maňa rehim et!

Müň ýaşaryn eger, diýäýseň «bolýar»,
Ýazgarsyň öýdübem pikrime gelýär,
Durmuşda dag-deňiz, tiken bar, gül bar,
Gülüm bolup bagda maňa rehim et!

Kynmydyr, ýumuşym düzelmez, bitmez,
Barybir ýürekden ol öçüp gitmez,
Saçlaryň sypara ellerim ýetmez,
Belent başyň eg-de maňa rehim et!

Ýukajyk dodaklaň özüne çeker,
Synlasam syratyň ýüregim böker,
Iýilmese injir, bişensoň akar,
Alma-naryň ýyg-da maňa rehim et!

Çagalyk, juwanlyk bardyr möwsümi,
Jahyllyk duýgysy – ýeliň öwsümi,
Kesel köp, ölüm bar, başdan sowsuny,
Şu çak janym, sag-da, maňa rehim et!

Ilmämmet mähre zar, agyrdyr haly,
Derman üçin gülden soraýyn baly,
Teşne kalbym tozap ýatyr çöl ýaly,
Ýagşym bolup ýag-da maňa rehim et!

Ilmämmet ALLAGULYÝEW


100

13

3

1

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 25.03.2025 / 09:33

+0

Teşneläp azaşsam, çykmasa çakym,
Çeşme bolup, dagda maňa rehim et!


"Teşneläp" diýen söz ýok, "teşne bolmak" bar.


Betinden
Sebap  (25.03.2025 / 09:46) 

Pegas, goşulma goşulsa bolara läp sözi boşulypdyrda


Gytyndan
Pegas  (25.03.2025 / 09:50) 

Sebap, bolýan bolsa bolýar diýerdim.


Betinden
Sebap  (25.03.2025 / 09:57) 

Pegas, Aha

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 25.03.2025 / 09:36

+0

Ýammmmman uzyn eken. Doly okamaga ýaltandym. 3-4 bendini okadym, gowşak eken.


Betinden
Sebap  (25.03.2025 / 09:45) 

Pegas, hm bolýa


Täzeje
Olya  (25.03.2025 / 11:36) 

Sebap, özüňmi awtory diýjek bollum w. Awtory ýazylan eken iň soňy


Betinden
Sebap  (25.03.2025 / 12:03) 

Dunyodagi, Ýok awtory men däl aşakda ýazylgydyr awtory

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 26.03.2025 / 14:14

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Saytyn taryhynda 8 like ly mowzuk barmy ozi...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Tahallus (Şugün, 08:39)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Durmuşda bar zatlar bu ýagdaýlar; gabat gelýä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Orazjan (Şugün, 08:30)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Salgysy nirede muñ...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Счастья (Şugün, 08:07)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Sebabi kopsini ozumiz yazamzokda kopyalap alyas gosgylar, hekayalar we ş.m....dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:59)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hokman awtory ozun yazan bolsan paylasmaly?...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:58)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Ine tazelik...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:57)

Aÿyplaşma!!!


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Sebap (Şugün, 06:03)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Özüm 2025 de gezip ýörsemem beýnim 2015 de galdy. Beyni prosesorym Ondan soňky wersiýalary kabul edip bilenok. Hakyky şula ýöne 2015däl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Sebap (Şugün, 05:55)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


durmmushyn yadatyan pursatlary...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Diamante (Şugün, 02:05)

🌺Ejem garaşýar🌺


...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🌺Ejem garaşýar🌺
@menin_dunyam (Şugün, 00:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика