Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Söýgi namaz ýalydyr başlansoň sagyňa ýada çepiňe seredilmez

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Baýram namazy hakynda.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 30.03.2025 / 18:37
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Baýram namazy (arap. صلاة العيد). Baýram – şatlyk diýmekdir. Arapçasy «yýd» bolýar. Baýramçylyklaryň jemgyýeti biri-birine jebisleşdirmek taýyndan ähmiýeti örän uludyr. Gadymdan häzirki günümize çenli her bir halkyň özüne mahsus baýramçylygy bolupdyr. Resuly Ekrem Serwerimiz Medineýi Münewwerä gelende, ýerli ilatyň ýylda iki gezek baýramçylyk geçirýändigini görende: «Allah Tagala size şol iki baýramçylygyňyza derek, has haýyrly iki sany baýram gününi yhsan edendir» diýip, Remezan we Gurban baýramlary hakynda habar berýär. Remezan aýy gutarandan soň bir gün, Gurban aýynda Arafa gününden soň bolsa dört gün agyz beklemek haram bolandygy üçin Remezan baýramy (yýdül-fytyr) bir gün, Gurban baýramy – (yýdul-azha) bolsa dört gündür.
Baýram günlerinde ir turup ýuwunmak, dişleriňi miswak bilen arassalamak, ýakymly ysly atyrlar sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek, Allah Tagalanyň nygmatlaryna şükür niýeti bilen begençli bolmak, duşuşan din doganlaryňa güler ýüzli bolmak, mümkingadar köp sadaka paýlamak, baýram gijelerini ybadat bilen geçirmek baýramyň adabyndandyr. Remezan baýramynda namazdan öň hurma ýaly süýji zatlar iýip mesjide gitmek, Gurban baýramynda bolsa, namazdan öň hiç zat iýmezlik mustahapdyr. Hatda gurban kesjek kişiniň damagyny çalan malynyň eti bilen agyz açmagy has gowy görülýändir. Şeýle-de bolsa, namazdan öň iýip-içmegiň hiç hili zeleli ýokdur. Baýram günlerinde musulmanlaryň biri-birini mübäreklemegi, biri-birine haýyr we magfiret dogalary etmegi hem baýramyň edebidir. Şeýle hem, baýram gününiň hormatyna öýkeliler ýaraşmaly, biri-birini razy etmeli, dost we garyndaşlaryň ýanyna görüşmäge gitmeli. Maşgalanyň kiçileri ululary mübärekläp, haýyr dogalaryny almaly, göwünlerini hoş etmeli. Baýram gününde musulmanlar biri-birini mübäreklänlerinde: "Allah bizi we sizi bagyşlap, ýalkasyn" ýa-da "Allah bizden we sizden kabul buýursyn" diýip doga etmegi mendupdyr.
Gün doganyndan 45-50 minut soň, baýram namazynyň wagty girýär. Öýle namazyndan öň, istiwa wagtyna çenli dowam edýär. Baýram namazy iki rekagat okalýar. Azan we kamaty ýokdur. Okalyş düzgüni şeýledir. Ymam: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga we maňa uýanlara ymam bolmaga» diýip niýet edýär. Jemagat hem: «Iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýram namazyny okamaga, uýdum şu ymama» diýip niýet edýär. Ymam niýetden soň: «Allahu Ekber» diýip, iftitah tekbirini getirip namaza durýar. Jemagat hem tekbir getirip namaza durýar. Her kim içinden «Subhanekäni» okaýar. Soňra ymam yzyly-yzyna her gezeginde ellerini gulaklaryna ýetirip, üç gezek tekbir getirýär. Jemagat hem ony gaýtalýar. Birinji we ikinji tekbirlerden soň, eller aşak goýberilýär. Üçünji tekbirden soň, täzeden gol gowşurylýar. Bu tekbirlere zewaid tekbirler diýilýär. Zewaid tekbirleri wajypdyr. Mundan soň ymam içinden e’uzü-besmeläni aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Soňra ruku’ we sejdeler berjaý edilýär we ikinji rekagata turulýar. Ikinji rekagatda ymam ýene içinden besmele aýdyp, Fatihany we zammy suräni jehri okaýar. Kyraet gutarandan soň, birinji rekagatda bolşy ýaly, zewaid tekbirleri getirilýär. Üçünji tekbirden soň, gol gowşurman ýene «Allahu Ekber» diýlip ruku’ we sejdeler edilip oturylýar. Soňra tahyýýat we salawat hem-de dogalar okalyp salam berilýär. Şeýlelikde, baýram namazlary tamam bolýar. Namazdan soň ymam münbere çykyp hutbe okaýar. Juma hutbesindäki ýaly, baýramlarda hem iki hutbe okalýar. Ýöne baýram hutbesine tekbir bilen başlanýar. Jemagat bolsa bu tekbirlere goşulýar. Gurban baýram namazyny wagty giren badyna okamak, Remazan baýram namazyny bolsa, wagtyndan biraz gijikdirip okamak mustahapdyr. Hutbede baýramyň ähmiýetinden, many-mazmunyndan gürrüň berilýär. Gurban baýramynda bolsa, Gurban bilen baglanyşykly hökümleri, we teşrik tekbirlerini jemagata ýatlatmak peýdalydyr. Hutbeden soň, jemagat bilen birlikde doga edilýär. Şunuň bilen baýram namazy doly tamamlanýar.


125

7

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.03.2025 / 20:50

+1

Kabul bolsun hemmäňiziň baýram namazlaryňyz


Özümiziňki
Fantom  (31.03.2025 / 00:27) 

Sebap, Ämin, Gitdiňmi senem?


Betinden
Sebap  (31.03.2025 / 03:43) 

Fantom, Howwa gitdim! Sen?


Özümiziňki
Fantom  (31.03.2025 / 06:32) 

Sebap, Gaty gowy!
Şu babatynda imam Robbäni kän zatlar ýazypdyr. Iň bärkisi: 1 aý oraza tutyp soňra metçide baýram namazyna barsa, tekbir üçin Alla diýip elini galdyranynda,


Betinden
Sebap  (31.03.2025 / 11:46) 

Fantom, osam yzyny näme üçin ýazmadyň?


Özümiziňki
Fantom  (31.03.2025 / 16:34) 

Sebap, Nemedä, günäleri dökülip päk bolar diýýä... Intäk ol diňe eliňi tekbire galdyranyňda, yzyny onsaň özüň oýlanyber nähili sowaplaryň badygyny bu namazda.
Häli doly ýazyp bilmedim, sebäbi komda bir zat diňläp otyrdym welin, birdan sesi gataldy... Anha onsaň seslendirijimiň sesi eşidilmän galdy!
"alt+f4", basyp basyp, hemme progdan çykýanam welin bolanok işi gaýdan...
Menem onsaň ediýäniň şy bolsa menem inha edişim diýip togy sogurdym!!! )
Anha, şeýleräk ýagdaý boldy. hehe.
äý,


Betinden
Sebap  (31.03.2025 / 20:54) 

Fantom, ha düşündim. Howwa käbir sesler pes käbiri gatyrak mendede duş gelýär! Gayrat et iş üstüne iş tapypsyňda!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика