Ýürekdeş sözler!
Belki : Bu gün hossarlarym maña görmegeý, akylly ömür ýoldaşy arzuw etdiler. Gulagyñ şyñladymy? #Belki
Gijeler
Gytyndan yurekdes [off] 31.03.2025 / 21:59 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
Görsene, bu gijeler nähili agras
Baglar yrañ atýa,ýeliñ sazyna
Uzakdan eşdilyän hüwdiniñ sesi
Rahatlyk dileýä, ogul-gyzyna.
Bulutlañn boynuna monjuk düzülen
Ýyldyzlaryñ bir burçyndan aslyşsam
Beýikden synlasam, rahat gijäni
Hemem, içki dünyäm bilen tapyşsam.
Göýä ähli ýyldyz ýere gaçan dek
Ýolçyralar, oýn edişýä göz gypyp
Şahyrlaram ylham agañ ugrunda
Şygyr doredyäler ýitirip,tapyp
Obamyzyñ çynarynyñ goýnunda
Aşyk-magşuk, süyji arzuw edyäler
Bir biregiñ garagynda gark bolup
Arzuwlaryñ ummanyna gidyäler
Ümsüm dagy däl ekeni gijeler,
Gujagynda mün bir syry bar eken.
Alada gaýgy hem ýetikdir welin,
Süýji hyýallaram gijä ýar eken.
Aýna Amangeldiýewa
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk