Ýürekdeş sözler!
Fantom : Три дня делал генеральную уборку в квартире. Плюсы: она чистая. Минусы: в ней нельзя жить, она от этого пачкается.
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ
Täzeje Mizan [off] 01.04.2025 / 11:35
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ
Aýby ýokdur söýülmegiñ, söýmegiñ,
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Söýgüde ganat bar, uçuñ, beýgeliñ!
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Dünýäñ gözelligi, görki söýgüdir,
Umyt sapagynyň berki söýgüdir,
Dört kitap manysy, şerti söýgüdir,
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Dönsem, dönsem, söýýän ýürege dönsem,
Söýgimiz çuñ bolsun, bolmasyn ýöntem,
Bolar ýaly mydam ornumyz törden,
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Sözüm hemmä, däl ha maña, ha saña,
Söýýän ynsan meñzeýändir Hatama,
Janly-jandar düşünýärkä adama,
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Dünye döräp bardyr düzi, alasy,
Garawsyz galmasyn ynsan balasy,
Goý, her kim öz halanyny halasyn,
Hiç kime söýmegi gadagan etmäñ!
Gurbanjemal Annakowa
Teswirler:
Täzeje Melisa [off] 01.04.2025 / 15:28+1gowy gosgy eken, mlds
Premium
Belki [off] Söýenler terk edýär, a söýgi baky! 01.04.2025 / 17:42+1Ideyasy gaty gowy!
Premium
rexha [off] Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸 01.04.2025 / 21:34+0Chyoto ayby bar yaly...
Soňky teswirler
Ýokaryk