Ýürekdeş sözler!
Khanture00 : Ýer tekiz
Söýüp söýülmeseňem
Gytyndan Aixcam_nx [off] 01.04.2025 / 23:22 Raionymyn ovadanjasylai_nx
Söýüp söýülmeseňem
Kysmatyňy düzetmersiň el bilen,
Şol sebäpli gynanmagyn birjigem.
Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,
Görjegi gowudyr sen deý selbileň,
Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.
Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,
Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada,
Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,
Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,
Gül gözläp gideniň bolmaz ýazygy.
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam,
Ýitigini gözlär, gider soraga.
Başga hiçzat girip bilmez gursaga,
Seniň borjuň mertebäňi gorama,
Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.
Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,
Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.
Agy bar ýerinde şirin sazam bar,
Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,
Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.
Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,
Şonuň üçin süpür, gözden ýaşyňy.
Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,
Dünýäde kän her gülüňem aşygy,
Şonuň üçin süpür, gözden ýaşyňy.
Çary ÝEGENMYRADOW
Teswirler:
Premium
Belki [off] Söýenler terk edýär, a söýgi baky! 02.04.2025 / 06:42+1Tanys duygular )
Premium
BAYOGUL [1s] 02.04.2025 / 08:28+1Oran tanysh oza
Täzeje Maxrim_mv [off] только ты балм<<3[Элвин💂♂️💋] 02.04.2025 / 23:22+0Йетирип дур балмм
GytyndanAixcam_nx (03.04.2025 / 13:24) Maxrim_mv, bolya aklm 🥰
Soňky teswirler
Ýokaryk