Ýürekdeş sözler!
Orazjan : Dana kishi aýdypdyr: - baýlyk bar aýbyñy ýapýar.
Geldiňmi, aprel?!
Täzeje Mizan [off] 02.04.2025 / 12:42
Çarhypelek neçüýn basym aýlanýar?!
Kalba möhür baryn basyp aýlanýar,
Begenjimden bu gün başym aýlanýar,
Geldiňmi, aprel?!
Başymyň täjisiň, eý, MUHAMMEDIM!
Eýäme baglydyr bu süýji demim,
Dünýä indi sende Begmuhammedim,
Geldiňmi, aprel?!
Bu beden, bu göwün... ýene kän üşär,
Sende welin, duşmaz galpyldan, üşän,
Bir sen bolduň ýollaryma gül düşän,
Geldiňmi, aprel?!
Kemşerip gürlämde diňläpdiň meni,
Ala bulutlar deý durlapdyň meni,
Ýadyňa düşýärmi, emläpdiň meni?
Geldiňmi, aprel?!
Häzir dynjyn alýar çal beýnim güňlän,
Agyr eken, ýaşap gördüm-le gülmän,
Men häzir çaga deý begenýän, gülýän,
Geldiňmi, aprel?!
Ogultäç Oraztaganowa.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk