Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Nesip : Deň edilmän, duş edilýäni üçin aýrylyşýarlar.@nesip

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Nesip eýlediň
 Betinden
 Sebap [off]
 02.04.2025 / 20:43
 Lekum dinukum we liýe din

Musulman parzyny berjaý etmäge,
Allam bu gün maňa nesip eýlediň.
Käbä geldim, Pygamberi görmäge,
Allam bu gün maňa nesip eýlediň.

Başym goýdum keramatly daşyňa,
Aýlandym men togap edip daşyňa,
Ömür goşduň ömürüme-ýaşyma,
Allam zyýaraty nesip eýlediň.

Gahryman Arkadag ýolumy açdy,
Dillerim dogaly, kelamlar seçdi,
Zemzem suwy Saňa gözlerim düşdi,
Allam, içmekligi nesip eýlediň.

Gördüm Resulyllaň gezen ýerlerin,
Söweş gurup, kelam düzen ýerlerin,
Musulmana pata beren ýerlerin,
Bulary hem görmek nesip eýlediň.

Kybla bakyp namaz okap hoş boldum,
Bu toprakda keramata duş boldum,
Öňkimden beýgeldim, juwan-ýaş boldum,
Allam guwanmaga nesip eýlediň.

Käbe barmak hemmäň arzuwy ahyr,
Sabyrly bolana Allahym ýetir,
Yhlas edenleriň parzyny bitir,
Sabyrly bolmagy nesip eýlediň.

Amansähet, seniň köňlüň hoş boldy,
Musulmanlar bir-birine duş boldy,
Gaýgy, gussa bizden uzak daş boldy,
Umytly günlere nesip eýlediň.

Mekge şäheri, 25.08.2018
#Amansähet Annasähedow


72

12

3

4

0

0

2
Teswirler:
 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 02.04.2025 / 20:46

+0

Käbä geldim pygamberi görmäge
Mekge we Medine şäherleriniň arasy ýüzlerçe kilometr...


Betinden
Sebap  (03.04.2025 / 07:24) 

Kesxa,Kiim bilýär belki gidip bileris


Öwreniji
Kesxa  (03.04.2025 / 12:13) 

Sebap, men ol setiri tapawutlandyrmagymyň sebäbi Käbe Mekke şäherinde, Pygamberimiz (SAW) Medine şäherinde bolup,
Käbä geldim Pygamberi görmäge
Diýmegini geňledim


Betinden
Sebap  (03.04.2025 / 14:12) 

Kesxa, hm bolýa

 Täzeje
 Mahirlije [off]
  Sen garrama ejejan❤️
 02.04.2025 / 20:48

+0

Bizede nesip etsin sol yere gitmage


Betinden
Sebap  (02.04.2025 / 20:50) 

Mahirlije, Ämin

 Täzeje
 Dengesiz [off]
  Bazı insanları hayata baktığı pencereden, atmalı.
 02.04.2025 / 21:28

+0

Nesip etsin bizede şotaýyny görmek


Betinden
Sebap  (03.04.2025 / 07:23) 

Dengesiz, Ämin

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)

Aÿyplaşma!!!


Täsirli, duýguly goşgy eken. Galamyň ýiti bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Gulmahrem (Şugün, 09:15)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Durmuşda bar zatlar bu ýagdaýlar; gabat gelýä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Orazjan (Şugün, 08:30)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Salgysy nirede muñ...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Счастья (Şugün, 08:07)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Sebabi kopsini ozumiz yazamzokda kopyalap alyas gosgylar, hekayalar we ş.m....dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:59)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hokman awtory ozun yazan bolsan paylasmaly?...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:58)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Ine tazelik...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Sebap (Şugün, 07:57)

Aÿyplaşma!!!


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Sebap (Şugün, 06:03)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Özüm 2025 de gezip ýörsemem beýnim 2015 de galdy. Beyni prosesorym Ondan soňky wersiýalary kabul edip bilenok. Hakyky şula ýöne 2015däl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Sebap (Şugün, 05:55)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


durmmushyn yadatyan pursatlary...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Diamante (Şugün, 02:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика