Ýürekdeş sözler!
Boxer : Durmusda her bir zadyn sebabi bar. Totanleyin zat yok.
Illere Salam
Betinden Sebap [off] 05.04.2025 / 08:05 Lekum dinukum we liýe din
Mähriban Watanym ~ Türkmenistana,
Görogly öwlady illere salam.
Näz-u-kereşmeli, gezip mestana,
Gara gözli, inçe billere salam.
Ýurdunda köp bolar gyzyl-lälesi,
Açyk desterhanly türkmen balasy,
Mekirligi bilmez, ýokdur alasy,
Köñül awlan sada dillere salam.
Dag, deñiz şemaly mylaýym kakan,
Ýaýlasynda düýe, goýun, mal bakan,
«Waharman», «terbaşlar»… ýene bal akan,
Säher Hydyr gören çöllere salam.
Babasy döwletli, söýünhan ili,
«Ýör-he-ýör!» bolanda berk guşar bili,
Köp hasyl öndürer kätmeni, pili,
Näz-u-nygmar atyz, çillere salam.
Hanazat baýtallar, gyl boýun mallar,
Dürli janawerden doludyr go:llar,
Asudalyk söýen, rahat iller,
Aýally, aýalsyz, dullara salam.
Ýigitleriñ Watan çykmaz ýadyndan,
Ýürek ýanar aýralygyñ odundan,
Bu ýerdäki türkmenleriñ adyndan,
Aýal, oglan-uşak, çallara salam.
1954.
Mäti Kösäýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk