![]() 95 |
![]() 21 |
![]() 5 |
![]() 6 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Vahey toy etdimi
rexha, Gosgy yazylan senesi 2018y toy etdi chagaladam oydyan
Daniel, wi gynandym. Henizem yatlayañmy
Beýleki goşgylaryňyzam bar bolsa paýlaşyň!
Inede sagadam on iki bolupdyr,
Süýji uka gaplanypdyr hemmeler.
Men bolsa pikirler umman içinde,
Ýüzip ýörün meniñ halym kim biler.
Senli ýatlamalar, dagatdy başym,
Gözüm ýumsam peýda bolýa suratyñ.
Ilki duşanymyz ýadyma düşýär,
Garly günde aşyk eýlän syratyñ.
Ine şol gün juwan kalbym awladyñ,
Ornatdyñ ýürekde bu päk söýgini.
Öñler beýle zady pikir etmändim,
Hemmeden gawanyp seni söýjegmi.
Şondan bärem arzuwlarmyñ bary sen,
Geçirmek sen bilen bagtly günleri.
Asuda mekanda, altyn döwürde,
Bir biregi hormatlap eziz söýmegi.
Seniñ göwnüñ awlap başardym welin,
Bu söýgimiz kän uzaga çekmedi.
Belki baky bordy, göreşen bolsak,
Söýgi üçin synmajak sütün dikerdik.
Soňky duşuşykda aýdan sözleriñ,
Ýaşdan doly gözleriñden okadym.
Bagtly geçiren günmiz bolsada has köp,
Soñunda betbagt gün gaýdy nokadyn.
Diýendiñ şol güni, toýum, bar gyşda,
Öýdäkiler başgasyna berjekler!
Bir aýym bar diýip maña bakdyñda,
Diýdiñ gamgyn,
Jan toýuma geljekmi?
Ol sowala jogap tapa bilmedim,
Gyryljyk ses bilen sowal taşladym.
Señ özüñ näme diýýäñ, razymy mundan?
Ýok! diýip alaçsyz, gözüñ ýaşladyñ...
Şol günki aýdanyñ çykanok ýatdan,
Belki señ hem häzir pikiriñ mendir.
Oýlaýansyñ bagta ýetmek hakynda,
Söýýänleñ,
Jan teni,
Ýüregi birdir.
Entegem wagt bar, göreşmek gerek,
Diýip, Gözlerimi ýumdum assadan.
Senem söýýän bolsañ aşyk Daýanjy,
Şirinjan, ýüregimi gutar gussadan.
Fantom, senem haladyň öýdýän ýaltanman düzedipsiň welin.
Awtor! Goşgyň ýürekden ýazylyny gowy duýulýa, gaty gowy!
State, Howwo, özüme göçrip aldym!
Awtorom näme düzetse diýip goýdym...