Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Мерет : Ya Alla Özün goldawer Synaglarynda, Senin Gazabyndan gorkup Yene sana Sygynyaryn.! Ya Rebbim!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Tomusda gar küýsemen
 Betinden
 Sebap [off]
 21.04.2025 / 00:08
 Lekum dinukum we liýe din

(Täjik şahyrasy Gülruhsor Safiyewadan)
Alkymyň gar diýýärsiň,
Tomusda gar küýsemen.
Sen maňa ýyldyz diýýäň,
Näme ýyldyzlar ýaly
Göz gyrpýanmy eýse, men.

Sen maňa Aý diýýärsiň.
Hem diýýäň tylla Günüm.
Maňa beýle diýere —
Men çaga däl-ä, düşün.

Hemme üçin ýanar Gün,
A men ýanyp bilmerin.
Aý hemmä gülüp bakar,
Men aý bolup bilmerin

Indi maňa Aý diýme,
Indi Günem diýmegin.
Beý diýseň mümkin meniň
Otly köýnek geýmegim.

Men Günem däl,
Aý hem däl,
Ýyldyzam däl,
Sen bagtyň.
Diýseň-ä bagtym diýgin,
Diýmeseň-de, hoş wagtyň.

* * *

Şol Aýly agşamda edipdik wada,
Wadamyz boş çykdy,
Aldadyk Aýy.
Senden doýman, ýellenipdir gabaklar,
Säher ukusyndan ganmadyk ýaly.

Ýene geçip, meni otlara saldyň,
Şatuduň astynda gujagyn geren.
Indi ellem ellerinden berhizli,
Täleýi ters gelip, göýdügen jeren.

Doňup galan duýgularmy eretmän,
Nirä geçip barýaň, natuwan bagtym.
Men neneň oňaýyn saňa seretmän,
Nowjuwan yşkyma bendiwan wagtym.

Bilýän, sen meňki däl,
Özgäniň bagty
Bolsaň-da dur, syratyňdan ganaýyn.
Bagt bilen hoşlaşmak jebir bolsa-da,
Biraz dur-la, bir seredip galaýyn.

Muhammetmyrat MEREDOW


42

7

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


durmmushyn yadatyan pursatlary...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Diamante (Şugün, 02:05)

🌺Ejem garaşýar🌺


...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🌺Ejem garaşýar🌺
@menin_dunyam (Şugün, 00:54)

Belki-de goyarsyn


Awtory năbelli őÿtÿăn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
@menin_dunyam (Şugün, 00:27)

Erkekler her wagt...


Sowukganly bilen çalt gahary geler olan haysysy. Antonim dami olar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Ahmal (Düýn, 22:01)

Erkekler her wagt...


bir ýanan psiholuk aýalyň ärine beren terjime halymy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Fantom (Düýn, 21:53)

Belki-de goyarsyn


Baýhan gijä galdy! ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
Fantom (Düýn, 21:46)

Belki-de goyarsyn


häää... awtory ýokdymy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
Fantom (Düýn, 21:45)

🌺Ejem garaşýar🌺


Gowy goşgy ýetirip dur Joram!...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🌺Ejem garaşýar🌺
Arzyhan (Düýn, 20:33)

Ilki bilen Salam


Hoş gördik meň bilen ýaşdaş ekeniň ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Power (Düýn, 20:19)

Ilki bilen Salam


Salam! Men Islenende kän sömsüllärdim, sn ýadyma düşeňňok, ýöne hoş gördik!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Fantom (Düýn, 19:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика