Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Relax : Durmuşda hemişe özümize degişli bolan zady biziň özümize satýarlar.#setdars

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bolarmy
 Betinden
 Sebap [off]
 21.04.2025 / 17:06
 Lekum dinukum we liýe din

Gözüme dünýäniň manysy dildar,
Sen bolmasaň, älem-jahan bolarmy?
Dertlä şypa gerek, aşyga didar,
Mejnuna Leýli dek melhem bolarmy?

Söwdügim, derdimi aňma aňmasaň,
Beýle parhsyz bormy ynsan balasam?
Her setirim saç ujuňa baglasam,
Galamym boýnuňa dagdan bolarmy?

Hiç kem-köst görmedim elde-bilekde,
Gez dünýäde şol el bilen gül ek-de.
Ynsda-jynsda, ýene hüýrde-melekde
Seniň ýaly pisse dahan bolarmy?

Her gije suwlasam öýüň daşyny,
Ýagyşdyr öýtmegin gözde ýaşymy.
Geň görme «Alyp dur — diýip — işigi»
Gapysy sakçysyz soltan bolarmy?

Yşk gedaýy bolup, gapyňdan gelsem,
Ajy söz aýtsaňam janyma melhem.
Eý, ylhamgözelim, berýärsiň ylham,
Onsaň seniň belli bahaň bolarmy?

Men haýyş edýärin Yşgyň adyndan,
Meni gysma çoýunýanja odumdan.
Seni dagy çykaraýsam ýadymdan,
Onsaň menden oňly adam bolarmy?

Italmaz AKMYRADOW


42

5

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


durmmushyn yadatyan pursatlary...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Diamante (Şugün, 02:05)

🌺Ejem garaşýar🌺


...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🌺Ejem garaşýar🌺
@menin_dunyam (Şugün, 00:54)

Belki-de goyarsyn


Awtory năbelli őÿtÿăn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
@menin_dunyam (Şugün, 00:27)

Erkekler her wagt...


Sowukganly bilen çalt gahary geler olan haysysy. Antonim dami olar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Ahmal (Düýn, 22:01)

Erkekler her wagt...


bir ýanan psiholuk aýalyň ärine beren terjime halymy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Fantom (Düýn, 21:53)

Belki-de goyarsyn


Baýhan gijä galdy! ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
Fantom (Düýn, 21:46)

Belki-de goyarsyn


häää... awtory ýokdymy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belki-de goyarsyn
Fantom (Düýn, 21:45)

🌺Ejem garaşýar🌺


Gowy goşgy ýetirip dur Joram!...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🌺Ejem garaşýar🌺
Arzyhan (Düýn, 20:33)

Ilki bilen Salam


Hoş gördik meň bilen ýaşdaş ekeniň ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Power (Düýn, 20:19)

Ilki bilen Salam


Salam! Men Islenende kän sömsüllärdim, sn ýadyma düşeňňok, ýöne hoş gördik!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Fantom (Düýn, 19:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика