Betinden Sebap [off] 25.04.2025 / 19:24 Lekum dinukum we liýe din
Bir derwüş welaýatlaryň birinde «Baky ýaşaýşyň syryny bilýän alym bar» diýip eşidipdir we şol günüň özünde ýola düşüpdir. Ol baky döwran sürmegiň syryny ilden öňürti bilmek üçin dem-dynjyny alman ýol ýöräpdir. Haçanda ol baky ýaşaýşyň syryny bilýän adamyň bosagasyndan ätlände, onuň garrap, ýaňyja jan berendigini aýdypdyrlar.
Lapykeç bolan derwüş yzyna dolanyp, ýolboýy öňünden çykanyň ýanynda zeýrenipdir.
– Birazajyk öň ugran bolsam, birazajyk öň baran bolsam boljak eken. Dirikä ýetişjek ekenim. Şonda baky ýaşaýşyň syrynam biljek ekenim, ölmän döwranam sürjek ekenim…
Geçip barýan daýhan derwüşiň zeýrenjini eşidip säginipdir we oňa şeýle sorag beripdir:
– Eger bir adam öz öýünde açlykdan ölen bolsa, onuň öýünde halta doly bugdaý bardygyna ynanyp bolarmy?!
– Beýle zada diňe däli ýa tentek ynanar – diýip, derwüş jogap beren.
– Eger bir adam öz öýünde teşnelikden ölen bolsa, onuň öýünde küýze doly suw bardygyna ynanyp bolarmy?!
– Beýle zada diňe däli ýa tentek ynanar – diýip, derwüş bu soraga-da pert jogap beren.
– Eýsem, özi garrap ölen adamyň baky ýaşaýşyň syryny bilýändigine güp ynanan adama näme diýmeli onda?! Dälimi ýa tentek?
Daýhanyň bu soragy jogapsyz galypdyr.
Nurmekan Mämmetnazarow, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
77
11
3
1
0
0
1
Teswirler:
Gerekli Sasiyona [off] Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik 25.04.2025 / 19:33
+0
Gyzykly eken .Mlds👍
Betinden Sebap(25.04.2025 / 21:41)
Sasiyona, aha
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 25.04.2025 / 21:18
+0
Betinden Sebap(25.04.2025 / 21:42)
Daniel, aha
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 25.04.2025 / 21:35