Ýürekdeş sözler!
Luckyboy : Garañky düşende kölegäñ hem terk eder....
KAKA
Özümiziňki Fantom [off] 27.04.2025 / 08:02 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
Tomsuň jöwzasynda doglan,
Ýalyn-epgek boldum, kaka.
Ýeke-täk gyzyňdym owal,
Indi erkek boldum, kaka.
Ýolup bir goragsyz güli,
Nähak idendirler meni,
Sersag öýdendirler meni,
Ha-ha, tentek boldum, kaka.
Mejalsyza ysgyn geler,
Gam derdimden asgyn geler,
Merdem menden misgin geler,
Goýsaň telpek boldum, kaka.
Kime gitsem, derdi ýaman,
Bir men däl ekenim ýanan,
Lebiz etdiler ähti ýalan,
Ýaman erbet boldum, kaka.
Halym aňlan dünýämsiň sen,
Her zaryma gelýänsiň sen,
Diýmesem-de bilýänsiň sen,
Hakyt sen dek boldum, kaka.
SURAÝ BABANYÝAZOWA
Teswirler:
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk