Ýürekdeş sözler!
Zehin : Ulumsy bolma. Agacdaky el yetmez yapraklar hem wagty gelse ayaklaryn asagyna dusyar
Gyz edebi
Betinden Sebap [off] 28.04.2025 / 11:45 Lekum dinukum we liýe din
Aýdyşyk.
Oglan:
- Ynha, bahar gyşy kowdy zeminden,
Emma ýüregime etmedi täsir.
Meň baharym sensiň, gel, gülüm bu gün,
Seniň gözleriňe bolaýyn ýesir.
Gyz:
- Sowuk kalpdan ýyly sözler çykmaýar,
Ol sözler bahana duşuşmak üçin.
Aýt hany han oglan asyl netiňi,
Toýmuz belli, onsaň bu gepiň neüçin?
- Dogry, belli emma meň üçin uzak,
Oňa çenli sabyr-kararym ýetmez.
Maňa birje duşyşygy kö görme,
Ynan hat-da elim eliňi tutmaz.
- Bagyşla! Edebim ýol bermez muňa,
Toýdan soň seňki men, häzir ýedi ýat.
Belki sözlem getirýändir gaharyň,
Emma haýyş gaýdyp diýme beýle zat.
- Ýok, ýok nämüçin gaharym gelsin,
Edebiň öňem tagzym eden men.
Şunça wagt çydadym, ýene çydaryn,
Edebi söýgüden üstün bilerin.
Awtor: Şirnazar Taganow
Teswirler:
Öwreniji Daniel [off] Quran lover 🤍 28.04.2025 / 20:58+0
BetindenSebap (28.04.2025 / 21:07) Daniel, sagbol
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk