Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Biziň hakyky ýüzümiz - diňe özümiz bilen galanymyzda ýüze çykýar. Gülýän ýüzümiz dünýäniň görmek isleýän sahnasy, aglaýan ýüregimiz bolsa biziň hakykatymyz.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Perişde
 Betinden
 Sebap [off]
 29.04.2025 / 15:32
 Lekum dinukum we liýe din

Oglan:
- Perişdäm, hoş geldiň! Görenime şat,
Seni görmeklik bilseň dünýe ýaly bagt.

Gyz:
- Mydam meni perişdä meňzedýärsiň,
Bu mertebä çyndan laýykmykam men?

Oglan:
- Diýdimmi? - diýmek gepimde jan bar.
Dogry zatdan aýyp dörmek nä derka?

Gyz:
- Onda bir ýalňyşym bagyşla şuwat,
Eger söýýänliiň çyn bolsa, Kuwwat!

Oglan:
- Dur, hany. Ýüz-gözüň soluk ýaly-la,
Aýt, näme getirdi seni bu hala???

Gyz:
- Saňa ikilik etdim düýn gije,
Ýaş çaynda bolýan zat bu kiçijek.

Oglan:
- Jeren haýyş edýän mundansoň ýene
Kalbym pagyş-para etjek zat diýme!!!

Gyz:
- Näme-e-e?! Men saňa çynymy aýdýan,
Sen hemişe sözüm oýundyr öýtýäň.

Oglan:
- Soňky gezek soraýan senden, gülüm,
"Oýun etdim" diý, gysyp başlady demim.

Gyz:
- Eger saňa häzir aýtmadyk bolsam,
Toýmuz bolup, muny toýdansoň bilseň,

Sen dogry söýeniň üçin çydardyň,
Emma ata-eneň henizem bardyr...

Gepiň gysga ýerini aýtsam Kuwwat,
Ýa meni, ýa olary saýla şuwagt.

Oglan:
- Bu gepler haýsy ýüz bilen diýýäň?
Haýsy ýüzüň bilen maňa şert goýýaň?

Ýa görküň diýip söýmänim unutdyňmy?
Ýa garypda namys ýokdur öýtdüňmi?

Gyz:
- Heh... Sende-de namys bardymy näme,
Özüňdenem ullakan gürläniňe

Görä görkez hany menem göreýin,
Onsaň "Kuwwat" namysly diýip ýöreýin.

Gowsy biderek boş gürleme-de,
Gerek däl ekenim indi, bar gid-äý.

Oglan;
- Gaty haýpym gelýär sen dek biçärä,
Ömürlik däl, günlik barýana äre.

Gyz:
- Meni kemsitýäňmi, eý "Bomuž" garyp...
Bu gepiň öz başyňa ýeter, anyk.

Alýo agam, dadyma ýetäý haýyş,
Namysyma degjek bolýa bir
"Bomuž" (Agasyna jaň etdi)

"Lokatsiýa" taşladym ýetiş, agam,
Gaça-gaça eşigim boldy sal-sal.
(Şu gepinden soň jaňy öçürip öz ýakasyny ýyrtdy)

Oglan:
- Dur, dur! Jeren, bu näme iş edeniň,
Beýtmek bilen näme seniň niýetiň?!

Gyz:
- Garaş! Kim biçäre häzir görersiň,
Bagyşla diýip it ýaly ýalbararsyň.
(Şeýle sözler bilen agasy gelinçä Kuwwady güýmäp durdy)

Görýäňmi? Şo-o-l ulag uçuryp gelýän,
Agamjandyr garaş merkiňi berýä.

Tirkeş:
- Han-ha ol, tutuň, daşyny gabaň,
Bu ýerden sypmaly däldir sag-aman.
(Gyzyň agasy daýaw oglanlary ýygnap geldi)

Oglan:
- Bes ediň! Goýberiň! Urmaňlar meni,
Jeren, Jeren aýt ahyr dogrysyny.

Gyz:
- Aga, jigeriň horlany aýama,
Seret-dä nämeler etdi uýaňa.
(Ýyrtan ýerini görkezdi)

Tirkeş:
- Aglam, perişdäm, muň güni bitdi,
Öz ölüm permanyna özi gol çekdi.

Arslan (Tirkeşiň ýanynda gelen)
- Tirkeş. Jany üzüldi bu namardyň,
Jesedini makul bolar näme eden?!

Tirkeş:
- Tokaýlyga eltip zyňyň şu agşam,
Bolsun jesedem şagal-gurda şam.

Awtor: Şirnazar Taganow


91

19

5

4

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 State [off]
 29.04.2025 / 16:00

+0

Haýbatly ýazylan eken.


Betinden
Sebap  (29.04.2025 / 16:03) 

State, şahyryň özi şuňa meňzeş birzatlar ýaşan bolaýmasa gaty içden ýazýan ýazanda


Täzeje
State  (29.04.2025 / 16:04) 

Sebap, mümkin, eşitmese görmese setire geçirmezdi.


Betinden
Sebap  (29.04.2025 / 16:10) 

State, Howwa dogry

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 29.04.2025 / 16:33

+0

Hazir garas agam gelya diyenden sonam duran bolsa oglanyn barypyatan samsyk boldugy.


Betinden
Sebap  (29.04.2025 / 16:40) 

Belki, nirden bilsin ol agasynyň beýle zatlar etjegini


Özümiziňki
Fantom  (29.04.2025 / 16:55) 

Belki, Ýokardaky baý garyp pikirde ýazlan diýip pikir etýän bolsalar, owlan Ystambula gitsede agasy tapardyla... )
Elbetde buňa mysal edip, Aýnanyň kakasy Aýnaň daýysyny ugradyp Söhbedi öldirdenini mysal etseň bolarmyka diýýän.

Hiç tanalmaz bir ýat ilde, nirä baraly Aýnam indi?
Hos


Premium
Belki  (29.04.2025 / 19:08) 

Fantom, tapmagam mumkin tapmazlygam yone agam gelya diyeninden son gitmelidi oglan


Premium
Belki  (29.04.2025 / 19:09) 

Sebap, gyzyn agasynyn "Sag bol tanryyalkasyn" diymejegi bellidir-a?!

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 30.04.2025 / 00:07

+0

Baýbou

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 30.04.2025 / 00:10

+0

Şirnazar agamyz başga urowenda

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 30.04.2025 / 06:06

+0


Betinden
Sebap  (30.04.2025 / 06:24) 

Pegas, sen nirä ýetişmän barýaň


Gytyndan
Pegas  (30.04.2025 / 06:26) 

Sebap, mellege)


Özümiziňki
Fantom  (30.04.2025 / 06:31) 

Pegas, Ýaşuly, şu mowzuk babatynda pikiriňizi paýlaşaýsaňyz?!


Gytyndan
Pegas  (30.04.2025 / 06:33) 

Fantom, pikir ýazar ýaly zat bolmansoň gaçyp barýan-da. Niresini haladyňyz muň, men haýran. Waka hem geň galdyryjy däl, täsirlem däl, goşgy hem tehniki tarapdan, umuman, hemmetaraplaýyn juda pes.


Betinden
Sebap  (30.04.2025 / 06:40) 

Pegas, Bolýa


Özümiziňki
Fantom  (30.04.2025 / 06:40) 

Pegas, ) Minnetdar!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика