Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Ömürlik söýýän bar, gadyr bilýän ýok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÝELLER
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 29.04.2025 / 17:16
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Ýeller!
Ýeller!
Äkidiň-eý,
Atmosferadan çykaýyn.
Galyp Göge Akmaýanyň,
Gezen ýerlerin sökeýin.
Demirgazyk ýyldyzyna
Gursagymda gatap giden
Naçar ýüregim dökeýin.

Ýeller!
Heý, yňdarma ýeller!
Äkidiň siz Aýa sary.
Görüşeýin Aý gyz bilen,
Soraýyn Günüň salgyny.
Ýogsa dünýäm gohdan doly,
Garaňkydan, gamdan doly.

Ýeller!
Ýeller!
Dyzmaç ýeller!
Guradyň siz gözýaşlarmy.
Synlaýyn men kuýaşlary,
Synlaýyn dagy-daşlary,
Gojalygmy, çagalygmy, ýaşlygmy...

Eziz ýeller, köşeşdirmäň,
Dostlar meni ugradarlar.
Pyssaransoň peşmek köňül,
Ýere sary dolanaryn.
Dolanmasam, zeleli ýok,
Barybir meni yzymdan
Ýel çalmanka unudarlar.

SURAÝ BABANYÝAZOWA


70

9

2

0

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 29.04.2025 / 19:40

+0

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 30.04.2025 / 06:00

+0

Suraýyň goşgusymy?


Özümiziňki
Fantom  (30.04.2025 / 06:12) 

Pegas, howwo, Gaýybana kitabyndan.
Göwnüme ýarasa kopýalap goýaýýanda, hoo-ol ýokardan awtoryny gözläbem ýöremmok.


Gytyndan
Pegas  (30.04.2025 / 06:18) 

Fantom, awtoryny gözlemeli. Awtoryň zähmetine hormat goýmaly.


Özümiziňki
Fantom  (30.04.2025 / 06:20) 

Pegas, Bor ýaşuly, hökman düzederin.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Şugün, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Şugün, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Şugün, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Şugün, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Şugün, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Şugün, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Şugün, 12:45)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Hezil edip girjekle mb yumurya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Bayradot (Şugün, 12:09)

Erkekler her wagt...


Logiki taýdan ýalňyş...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkekler her wagt...
Maleficent (Şugün, 10:56)

Öwüt...


Söz ýok. Dowamly bolsun....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Öwüt...
Gulmahrem (Şugün, 09:21)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика