Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hic kim senyaly bolmady dal ,ozim senin yerine hic kimi goymadym
“A soň butlara çokunyp başladym...”
Gytyndan Pegas [off] 30.04.2025 / 06:25 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
Gelersiň sen (şübhe bormy heý muňa?!),
Sabrym dara çekip, saňa garşy eňdigim.
Nälet siňen Iblise-de ýüz saraldyp,
Aglap-aglap diňdigim.
“Hüw-Hak” diýip arşa çykan arzuwlarmy
Ýeke-ýeke, pert-pert Taňra aýtdygym,
Ellerim boş, netijesiz yhlasymyň haýplygyn,
Bilsem-de men täk umyda uýdugym,
Duýdugym ýeke ses, aňlamaz aňym,
Gülküleriň owaz bolup eşdildi.
Öwran-öwran daga zowladyp adyň.
A soň butlara çokunyp başladym.
Meniň hijranyma ahy-nalama
Ne daglar, ne daşdan ýasalan Hudaý
çäre tapdy, pytrap gitdi ählisi,
Mahlasy...
Otparaz deý gijelerine ot ýakyp,
Ümmüldäp-hümmüldäp kakylan depler...
Sen nirde, men nirde, ykbal nirede?!
“Ýazgyt” diýip bize ýazylan depder,
Heniz bu ýerlere gadam basmankak
Ýyrtyp sogrupdyrlar ýellere garşy,
Biz bile täzeden ykbal ýazaly,
Sygdyryp, zemin däl, asmany-arşy.
©Guwanç AMATYÝEW
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk