Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadyry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

🌺Gosgy🌺
 Täzeje
 Baharyaz [off]
 01.05.2025 / 12:02
 "Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor".

🌿MUHAMMET MUSTAFA SALLALLAHU ALEÝHIM WESELEMniň ruhuna 🌿

Gözümiň röwşeni, başymyň täji,
Sygynjagym ýokdyr, bir Senden başga.
Aýlansa bu başym, tapmasam ýolum,
Elimden tutjak ýok bir Senden başga.

Halym budyr ýüzüm ýok görünmäge,
Kaýyldyryn şirin janym bermäge.
Bizi bu o:tlardan halas etmäge,
Howandarym ýokdyr bir Senden başga.

Terk ederem bu dünýäniň eşretin,
Kalba nagyşlasam Kuran keşdesin,
Mübärek sesini düýşde eşdenim,
Mähre känim ýokdyr, bir Senden başga.

Ejiziň men, ejiz gelen naçaryň,
Öz bolşumdan, öz halymdan ýadaryn.
Bir gün SAŇA ýetsem diýip aglaryn,
Maňa düşünjek ýok bir Senden başga.

Ne bor halym!? Men ki günäkär bende,
Derdim köpdir, jaý tapmadym hiç ýerde.
ALLAHYM ýaradan giň Äleminde,
Beýik ynsan ýokdyr bir Senden başga.

🌺Allahumme salli alä seýýidinä
Muhammeden we alä äli seýýidinä
Muhammet (S.A.W) 🌺

@Haýa حيآء
20.02.2025


95

21

5

5

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 01.05.2025 / 12:38

+0

Sygynjagym ýokdyr, bir Senden başga

Shu yeri nadogry Diñe Allaha sygynylyar


Gytyndan
Pegas  (01.05.2025 / 13:13) 

Daniel, gaty bir nädogram däl. Sygynmak uýmak manysynda däldir. Adamyň sygynýan zady kän-le. Öýe hem sygynylýar.


Öwreniji
Daniel  (01.05.2025 / 13:48) 

Pegas, hawwa budada sygynyalar Allahdan bashga sygynmak shirk bolya Shirk hem dinden chykarya


Gytyndan
Pegas  (01.05.2025 / 13:51) 

Daniel, seret, sözlük näme diýýär:

[syğynmak]
 işl. Keramatlylara ynanyp, olardan kömek soramak, kömek islemek
  Sen sygyngyn erenlere, pirlere, Hünäri meýdanda belli Görogly (Görogly)


Gytyndan
Pegas  (01.05.2025 / 13:52) 

Daniel, erenlere, pirlere sygynyp bolýarka, näme üçin pygambermize sygynyp bolmaz?!

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 01.05.2025 / 13:55

+0

PegasQuranda Alla men sizlere gan damarlaryndanda yakyndyryn diýýär. Allah yaradana göni sygynyp bilyarkan gabyrdakylardan soramak logika dogry gelenok

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 01.05.2025 / 13:58

+0

Pygamberimiz s.a.w şepagat berip bilýär bize ondan zyyatysy dal, we onuň şepagatyny gazanmak üçin onuň sünnetlerini bejermek gerek, duha namazy , salawat, juma güni gusl we köp köp sünnetleri bar

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 01.05.2025 / 14:04

+0

Pygamberler howwa kömek ederdi,gudrat görkezerdi, dualaryny Allah derrew kabul ederdi ýöne entek haýat wagtlary.
Dünýäden ötenden soň olardan kömek soralynmaýar iman gaty typançak ýol çalaja bursaň ýoluňy ýitirersiň

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 01.05.2025 / 14:18

+0

Goşgy gowy,Haya kimkä?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Standart list tapsam gatnasjak)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Bezzat (Şugün, 01:35)

Owadan yazuw basleșik


2 adam minus basypdyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAY-HAN (Şugün, 00:45)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy ýazypsyň)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Aurora (Şugün, 00:27)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Gowy bolupdyr,ynjytman mylakatly hem degişmeli edip düzülipdir ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
Violetta (Şugün, 00:09)

Meniň öýüm Daşoguzda...


Pikirleriňize garaşýan......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
medet_mededi (Şugün, 00:03)

Owadan yazuw basleșik


Gatnasyan agzalara ustunlik arzuw etyan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:42)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir edipsin malades goldayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sebap (Düýn, 22:41)

Owadan yazuw basleșik


Malades gowy pikir isinde ustunlik gatnasyanlarada ustunlik arzuw etyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
BAYOGUL (Düýn, 22:36)

Owadan yazuw basleșik


Biderek zat gatnashan tapylarmyka...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Yangyn (Düýn, 22:35)

Owadan yazuw basleșik


Yone her kim bir gosgy dal-de hemme sol bir gosgyny yazsa pocerk yuze cykar yaly gowy bormuka diyyan....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Belki (Düýn, 21:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика